RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
15 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DEREJESINDE DUŞUŞYK

2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Abdulnasr Jamal Al Şaali bilen wideokonferensiýa görnüşindäki duşuşygy geçirildi.   Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we BAE-niň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini belläp geçdiler. Iki ýurduň konsullyk hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegi bilen bir...

DOWAMY
pic
15 Okt

HALKARA TENNIS FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn-duşuşyk geçirildi.   Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, şeýle-de Daşary işler, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda taraplar Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän Dewisiň kubogyny almak ugrunda halkara tennis ýaryşlaryň tapgyrlaýyn duşuşyk...

DOWAMY
pic
9 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky doganlyk, dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň sazlaşykly we okgunly häsiýete eýe bolup durýandygyny, olaryň çuňňur mähirlilik we açyklyk bilen tapawutlanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Bellenilişi ýaly, soňk...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTANYŇ, OWGANYSTANYŇ WE ABŞ-NYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÜÇTARAPLAÝYN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda Türkmenistan–Owganystan–ABŞ formatynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň syýasy meseleler boýunça orunbasary Dewid Heýl we Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Mohammad Hanif Atmar gatnaşmaklarynda ilkinji gezek wideokonferensiýa görnüşinde duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli möhüm meseleleriň bir...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 7-nji oktýbrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz russiýaly kärdeşini doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de berk jan saglyk, abadançylyk, dostlukly döwletiň halkynyň bähbidine gönükdirilen ähli başlangyçlarynda täze üstünlikleri arzuw etdi.  Döwlet Baştutanymyz häzirki döwürde hoşniýetli goňşuçylyk, özara ynanyşmak hem-de strategik...

DOWAMY
pic
8 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Iki ýurduň Prezidentleriniň ylalaşyklaryny durmuşa geçirmegiň mazmunynda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine seredip geçdiler. Taraplar iki döwletiň halkara giňişligindäki özara hereketlerine aýratyn üns berdiler.  Bu ugurda Ministrler Türkmenistanda geçirilmegi göz öňünde tut...

DOWAMY
pic
8 Okt

ÝEWROPANYŇ TÄZELENIŞ WE ÖSÜŞ BANKY BILEN HYZMATDAŞLYGYŇ WAJYP UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2020-nji ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň Aşgabatdaky wekilhanasynynyň ýolbaşçysy F.Türkmenoglunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Türkmen tarapyndan duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň, şeýle-de Merkezi bankynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.        Duşuşygyň barşynda ÝTÖB bilen giň gerimli ugurlar boýunça, şol...

DOWAMY