SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ GARAŞSYZLYGYNYŇ 29 ÝYLLYGY WE TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYŇ 25 ÝYLLYGY MYNASYBETLI TBILISI ŞÄHERINDE WIDEOROLIK GÖRKEZILDI
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyny bellemegiň öňisyrasynda we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçihanasy tarapyndan 2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Tbilisiniň merkezi şaýolynyň ugrunda, demirýol menzilinde we metro ýerasty geçelgesinde ýerleşdirlen uly monitorlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideorolik görkezildi. Görkezilen wideoroligiň üsti bilen Gruziýanyň ýerli halky...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI ÝOKARY GURAMAÇYLYK DEREJESINDE GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň iň ýokary umumymilli forumy bolan – Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisi geçirildi. Dünýäde häzirki epidemiologiki ýagdaýlaryň nazarda tutulmagy bilen Aşgabat şäherinde badalga berlen Türkmenistanyň Milli Geňeşine ýurduň welaýatlaryndan gatnaşyjylar onlaýn görnüşinde gatnaşdylar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine Mejlisiň Başlygy, Ministrler...
TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNA KONSTITUSION ÜÝTGEŞMELER GIRIZILER
Türkmenistanyň Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kanun çykaryjy häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işini ösdürmeklige gönükdirilen, konstitusion özgertmelere serediler. Şeýle hem Halk Maslahatynyň mejlisiniň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Milli Geňeşi hem-de onuň Halk maslahaty we Mejlis atly iki palataly Parlament dörediler. Ýokarda agzalanlara degişli Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň degişli resminamalary kabul ediler.
HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISINIŇ DOWAMYNDA DURMUŞ-YKDYSADY MESELELERE SEREDILDI
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisinde çykyş edip, pandemiýanyň dünýäniň ähli döwletleriniň ykdysadyýetine ýetiren täsirine garamazadan, Türkmenistanyň öz ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanandygy barada belledi. Uzak möhletleýin maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmegiň esasy ugurlaryna hem-de döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm meselelerine garaldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet býujetiniň serişdelerini...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÝURDUŇ DURNUKLY ÖSÜŞI ÜÇIN SAGLYGY GORAÝYŞ WE BILIM ULGAMLARYNY KÄMILLEŞDIRMEK MESELELERI BARADA AÝRATYN BELLEDI
Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň durnukly ösüşi çygrynda saglygy goraýyş we bilim ulgamlaryny ösdürmegiň wajyplygy barada aýratyn belläp geçdi. Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, saglygy goraýyş ulgamyndaky işgärleri höweslendirmek we COVID-19 ýiti ýokanç keseline garşy göreşde olaryň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak – häzirki wagtda esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti...
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI AŞGABATDA ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 25-nji sentýabrda Aşgabatda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi öz işine başlady. Dünýädäki epidemiologiki ýagdaý sebäpli, mejlis göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Halk Maslahatynyň mejlisiniň işine Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary, ýaşulular, ähli pudaklaryň wekilleri, Türkmenistany...
ABŞ-NYŇ HALKARA ÖSÜŞ AGENTLIGINIŇ WEKILLERI BILEN ONLAÝN-DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ABŞ-nyň Halkara ösüş agentliginiň Türkmenistandaky wekili N.Nadiradze bilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda N.Nadiradze türkmen tarapyny ýetip gelýän Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni, şeýle-de ýurduň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de türkmen halkyna parahatçylyk we asudalyk arzuw etdi. W.Hajiýew öz gezeginde N.Nadiradzeny ABŞ-nyň...