SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMENISTANDA ADAM SÖWDASYNA GARŞY HEREKET ETMEK BOÝUNÇA HEREKETLERIŇ MILLI MEÝILNAMASYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 13-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň edara binasynda Türkmenistanda adam söwdasyna garşy hereket etmek boýunça 2020-2022-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň tassyklanmagyna bagyşlanan duşuşyk geçirildi. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen Hökümetiň giňeldilen mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti degişli Karara gol çekdi. Duşuşyga Türkmenistanyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmeni...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE «KAWASAKI» ÝAPON KOMPANIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň «Kawasaki Heavy Industries,Ltd» kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik işläp taýýarlamalary boýunça prezidenti Tasuýa Watanabe bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň sebit hem-de global derejesindäki özarahereketleriniň netijeli häsiýetini belläp geçdiler. Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň esasy ugurlary boýunça şol sanda ýapon işewürl...
Türkmenistanyň dünýä ähmiýetli bitaraplygyna bagyşlanan ylmy maslahat
Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahat geçirildi. Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 24 ýyllygyna bagyşlanan foruma Mejlisiň hem-de diplomatik düzümiň wekilleri, daşary döwletleriň ýurdumyzda işleýän diplomatik düzümleriniň hem-de iri halkara guramalarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institu...
BMG-NIŇ ADAM HUKUKLARY BARADAKY ÝOKARY KOMISSARYNYŇ MÜDIRLIGINIŇ SEBITLEÝIN WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 11-nji dekabrynda DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin wekili Rişard Komend bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistan bilen BMG-niň Adam hukuklary baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy. Häzirki wagtda bilelikdäki işiň çäklerinde Türkmenistanyň gatnaşyjysy bolup duran, a...
Türkmenistanyň Prezidenti Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa-Türkmen jemgyýetiniň ýolbaşçysyny hanym Neda Bergeri kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, milli Liderimizi ýetip gelýän baýram — Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady. Bilelikdäki jemgyýetçilik guramasynyň ýolbaşçysy hökmünde hanym Berger halkara gatnaşyklary ösdürmek, şol sanda medeni gatnaşyklar arkaly hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly ýagdaýyň döredilmegine goşant goş...
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahata gatnaşyjylara
Gadyrly maslahata gatnaşyjylar! Sizi «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy: parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk» atly ylmy maslahatyň öz işine başlamagy hem-de Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Türkmenistan öz Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Bitaraplyk syýasaty bolsa dünýä giňişliginde ýurdumyzyň amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. Dünýä bileleşigi döwletimiziň bi...
Sebitlerde baýramçylyk mynasybetli täze desgalaryň açylyş dabaralary
Şu gün Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Gökdepe etrabynyň sazlaşykly ösýän we ilaty köpelýän künjeginiň suw üpjünçiligini durnuklaşdyrmak maksady bilen, «Ýaňgala» geňeşliginiň çäginde gurlan suw paýlaýjy bekediň açylyş dabarasy boldy. Bu ýerde guralan dabara Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, ýerli edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary hem-de işgärleri, hormatly ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar. Baýramçylyk joşguny bilen...