RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Dek

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ KOMMUNISTIK PARTIÝASYNYŇ MERKEZI KOMITETINIŇ DAŞARY ARAGATNAŞYKLAR MINISTRINIŇ ORUNBASARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLYGYNDAKY WEKILIÝET BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Daşary aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Sýan Hunşanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň çäklerinde...

DOWAMY
pic
17 Dek

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI ÖZÜNIŇ TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK IŞINI TAMAMLAÝAR

2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň diplomatik işini tamamlaýan Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistanydaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Saýed Mohammad Ahmadi bilen hoşlaşyk duşuşygy geçirildi. Türkmen tarapy Ilçiniň Türkmenistandaky diplomatik wezipesiniň üstünlikli tamamlanmagy bilen gutlady. Şeýle hem taraplar iki ýurduň gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar. Türkmenistanyň goňşy ýurdy bolan Eýran Yslam Respublika...

DOWAMY
pic
16 Dek

Paýtagtymyzyň demirgazygynda döwrebap awtoklaster kemala gelýär

Paýtagtymyzyň demirgazygynda gurulýan awtoulag kärhanalary toplumynda üç müňe golaý awtomobil ýerleşer. Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň tabşyrygy bilen Aşgabat-Daşoguz ýolunyň ugrunda Aşgabat halkara awtoterminalynyň golaýynda şäher we şäherara ýolagçylar ulaglaryny saklamak, olara tehniki taýdan hyzmat etmek hem-de abatlamak boýunça klaster, şeýle hem okuw-türgenleşik merkezli awtomekdepler Birleşigi döredilýär. Gurluşygyň potratçysy...

DOWAMY
pic
16 Dek

Paýtagtymyzda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy boldy

?Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdylan ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary, ýaşajyk türkmenistanlylaryň belent ruha beslenen Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan aýdymlary, ajaýyp çykyşlary we joşgunly tanslary bilen utgaşyp, Täze, 2020-nji ýylyň ýakynlap gelýändigini äleme aýan etdi. Bu dabara hemmeleriň söýüp garaşýan baýramçylygyna galan wagtyň azalýandygyny äşgär etdi. Dabarany guraýjylar «Älemiň» öňündäki meýdançany gündogar ertekilerine çalymdaş ýurduň ke...

DOWAMY
pic
16 Dek

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystandan gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Irlandiýa, Pakistan, Eýran, Ermenistan we Gyrgyzystan döwletlerinden gelen telekeçilere daşary ýurt walýutasyna nah ýüplük, ownuk mallaryň göni ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 3 million 491...

DOWAMY
pic
16 Dek

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE BMG BILEN BILELIKDÄKI MAKSATNAMA GOL ÇEKIŞLIK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün, 2019-njy ýylyň 16-njy dekabrynda “Ýerli derejede hemmetaraplaýyn ýokary hilli durmuş hyzmatlaryny girizmek arkaly durmuş goraglylygy ulgamyny kämilleşdirmek” atly BMG bilen bilelikdäki maksatnama gol çekişlik dabarasy geçirildi. Türkmen tarapyndan resminama Daşary işler ministri Raşid Meredow gol çekdi. BMG tarapyndan agzalan resminama BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowa gol çekdi. Bu taslamada durmuş hyzmatlary ulgamyny kämilleşdirmek we bu ugurda BMG...

DOWAMY
pic
16 Dek

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna we Olimpiýa şäherjigine bardy

Şu gün döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumynda bolup, Şapolat atly bedewi bilen didarlaşdy Hormatly Prezidentimiz ajaýyp bedewi bilen birsellem gezim etdi we bedewi eýerläp, çapuw ýodasyna çykdy. Milli Liderimiz bu ýerde bedewi öz erkine goýberdi we ony gorgunyna çapdy. Milli we dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak baýlygy bolan behişdi bedewler tebigy gözelligi hem-de ajaýyplygy, wepadarlygy, örän ösen üşügi bilen tapawutlanýar. Halkymyz bedewler bilen b...

DOWAMY