RSS

SOŇKY HABARLAR

15 Few

Stambulyň Gubernatory Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Baş Konsullygynda kabul edildi

2024-nji ýylyň 15-nji fewralynda Stambul şäherindäki Türkmenistanyň Baş Konsullygynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Baş Konsuly Muhammetnur Öwezow bilen Stambulyň Gubernatory Dawud Gülüň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda taraplar söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky özara hyzmatdaşlygy, hususan-da, bilim pudagynda we iki döwletleriň ýokary okuw jaýlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Baş Konsul 2024-nji ýylyň dowamynda biziň ýurdumyz...

DOWAMY
23 Ýan

Stambulda türkmen-türk hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary maslahatlaşyldy

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Stambul şäherindäki Baş konsullygynda Baş konsul M.Öwezow bilen Stambulyň häkimliginiň halkara gatnaşyklary ugrunyň ýolbaşçysy Ýu.Barbaros Buýuksagnagyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşiniň depginleriniň ýokarlanýandygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygyň geljeginde Konsullygyň hem-de Häkimligiň wekilleriniň ara...

DOWAMY
6 Ýan

Ankara şäherinde ýurdumyzda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli maslahat geçirildi

2024-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň we Ankaranyň Sosial Ylymlar Uniwersitetiniň hem-de Türki dünýäsiniň inženerler we binagärler birleşigi bilen bilelikde Türkmenistanda 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýip yglan edilmegi mynasybetli Halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata Türkiýede akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy intelegensiý...

DOWAMY
26 Dek

Türkmenistanyň we TÜRKSOÝ-yň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi

2023-nji ýylyň 25-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň (Ankara şäheri) gurnamagynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň hem-de Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de 2024-nji ýylda amala aşyryljak hyzmatdaşlyg...

DOWAMY
21 Dek

Türkiýede “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary astynda dabaraly çäreler geçirildi

2023-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň guramagynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Izmitdäki Kodjaeli uniwersitetinde we Ankaradaky Medipol uniwersitetinde geçirilen çäreleriň çäklerinde bu ýokary okuw mekdeplerinde okaýan türkmen talyplarynyň gatnaşmagynda baýramçylyk konserti geçirildi. Türkmen halkynyň bezeg we amaly-haşam sungat sergisi hem guraldy, oňa gatnaşyjylarda m...

DOWAMY
21 Dek

BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça kararnama kabul etdi

BMG-niň Baş Assambleýasy 2023-nji ýylyň 19-njy dekabrynda 78-nji mejlisiň 48-nji umumy mejlisinde biragyzdan şu aşakdaky kararnamany kabul etdi: "Durnukly ösüşi üpjün etmekde ygtybarly we durnukly energiýa birikmesiniň esasy orny". Türkmenistanyň başlangyjy bilen işlenip düzülen kararnama 38 döwlet awtordaşlyk etdi. Kararnama, ykdysady integrasiýany we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin milli, sebit we dünýä derejesinde, energiýa birikmesiniň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün etmek...

DOWAMY
19 Dek

Türkmenistanyň wekiliýeti GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşýar

2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Moskwada Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Mejlise Azerbaýjanyň Premýer-ministri A.Asadow, Belarusiýanyň  Premýer-ministri R.Golowçenko, Gazagystanyň Premýer-ministri A.Smailow, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň başlygy, Gyrgyzystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy A.Žaparow, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Baştutany M.Mişustin, Täjigistanyň Premýer-ministri K.Rasulzoda, Özbegist...

DOWAMY