SOŇKY HABARLAR
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GIŇIŞLIGINDE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADYÝET WE ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreler giň gerim bilen başlandy. Gün tertibi örän mazmuna baýdyr. Günüň birinji ýarymynda Foruma gatnaşmak üçin gelen myhmanlar halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergilerine gatnaşdylar we olaryň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de awtosenagat ulgamynyň naýbaşy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäreler Türk...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler. Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbi...
HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...
AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ELMAR MAMEDÝAROW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby - Jenap Ministr, Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň Aktauda geçirilen sammitinde öňe süren birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyna nähili baha berýärsiňiz? Ilki bilen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna iň ýakym...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Öňde duran dünýä derejesindäki çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy (BHYF) bu günki günde diňe bir dünýäniň dürli ýurtlarynyň hökümetleriniň däl-de, eýsem işewürlik ulgamynyň öňdebaryjylarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Meşhur «Istanbool Today» türk žurnalynyň redkasiýasy özüniň nobatdaky neşiriniň agramly bölegini 2019-njy ýylyň 11-12-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi göz öňünde tutulýan BHYF-niň esasy aýratynlyklaryna bagyşlapdyr. Çap edilen makala diňe bir Ha...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI S.W.LAWROW BILEN SÖHBETDEŞLIK
Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrowyň “Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy” žurnalynyň redaksiýasyna birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby Sowal: Hazar gün tertibiniň ilerledilmeginde, Hazarda köpugurly hyzmatdaşlygyň formatynyň pugtalandyrylmagynda birinji Hazar ykdysady forumynyň ähmiýetine Siz nähili baha berýärsiňiz? Jogap: Hazar sebitiniň ykdysady ösüş meselesiniň netijeli hem-de özarabähbitli esasda çözülmegi 2018-nji ýylyň awgus...
GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝ JEMGYÝETLERINIŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) baş sekretarynyň maksatnamalar we administratiw meseleleri boýunça orunbasary Jagan Çapagan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GH we GÝJHF-niň we Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandyghy üçin türkmen t...