SOŇKY HABARLAR
GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝ JEMGYÝETLERINIŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2019-njy ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasynyň (GH we GÝJHF) baş sekretarynyň maksatnamalar we administratiw meseleleri boýunça orunbasary Jagan Çapagan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar GH we GÝJHF-niň we Türkmenistanyň arasyndaky ynsanperwerlik hyzmatdaşlygynyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman önjeýli hyzmatdaşlyk saklaýandyghy üçin türkmen t...
«АWAZADA» MALAÝZIÝANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 30-31-nji iýunynda Malaýziýanyň «Petronas» kompaniýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana iş sapary boldy. Kompaniýanyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji direktory Tan Sri Wan Zulkiflee Wan Ariffiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen birnäçe duşuşyklary geçirdiler. Iş saparynyň barşynda, 31-nji iýulda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň «Deňiz» myhmanhanasynda Malaýziýanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit-gaz meselele...
TÜRKMEN WEKILIÝETI ABU BILEN TRT-NYŇ BILELIKDE GURNAMAGYNDA GEÇIRILEN GLOBAL HABARLAR FORUMYNYŇ IŞINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 29-31-nji iýuly aralygynda türkmen wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Radio we Telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan gurnalýan 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy. Bu foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar. TRT-nyň Baş direktory Ibrah...
AŞGABATDA ARAL BOÝUNÇA SEBITLEÝIN IŞ TOPARLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILÝÄR
2019-njy ýylyň 30-31-nji iýulynda Aşgabatda Türkmenistanyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän «Aral deňzi sebitiniň ýurtlaryna kömek bermek» hem-de «AHHG-nyň institusional-hukuk gurallaryny kämilleşdirmek» boýunça hereketleriň maksatnamasyny» (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça sebitleýin iş toparlarynyň ikinji duşuşygy geçirilýär. Bu duşuşyk Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) «Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti doland...
TÜRKMENISTAN WE BAE ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ UGRUNDA
2019-njy ýylyň 29-njy iýulynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary B.G.Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. BAE-niň wekiliýetine Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň syýasy meseleler boýunça orunbasary Halifa Şahin Halifa Almarar ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysa...
TÜRKMENISTAN DOGANLYK OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERMEGI DOWAM EDÝÄR
2019-njy ýylyň 25-nji iýulynda Türkmenistanyň Hökümetiniň goldaw bermeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina etrabynda gurlan uzynlygy 10 kilometr bolan demirýol böleginiň dabaraly açylyşy, şeýle hem uzynlygy 35 kilometre barabar Akina-Andhoý täze demirýol şahasynyň gurluşygynyň düýbüni tutmak dabarasy geçirildi. Çärelere Türkmenistanyň we Owganystanyň ulag we senagat edaralarynyň ýolbaşçylary, häkimler, hormatly ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýerli ýaşaýjy...
TÜRKMENISTANYŇ HEM-DE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
Şu gün, 2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda türkmen Lideri Özbegistanyň baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady we berk jan saglyk, tükenmez ruhublentlik we ähli giň göwrümli başlangyçlarynda üstünlikler arzuw etdi. Özüne aýdylan gutlag we mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Özbegistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn h...