SOŇKY HABARLAR
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkezi sebitiň ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň ýygnagyny gurnady
2018-nji ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň guramagynda Bişkekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň 8-nji her ýylky duşuşygy geçirildi. Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ç.Aýdarbekowyň açmagynda geçirilen bu çärä Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary we BMG...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýetiniň Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş sapary dowam etdi
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekiliýeti öz iş saparynyň çäklerinde Germaniya Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherine geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň Germaniýanyň Daşary işler boýunça Federal ministri Haýko Maas bilen duşuşygy boldy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda ýokary derejedäki döwletara gepleşikleriň, Türkmenistan bilen Germaniýany...
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aziýanyň Ösüş bankynyň ýolbaşçysy Takehiko Nakaony kabul etdi. Myhman milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, AÖB-niň biziň ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklady. Bellenilişi ýaly, ägirt uly ykdysady we serişdeler kuwwatyna eýe bolan Türkmenistan öz ösüşinde gazanan üstünliklerini görkezip, dünýä giňişliginde ygtybarly we jogapkär hyzmatdaşyň abraýyna eýe boldy...
Türkmenistanyň polat ýollarynyň geçirijilik kuwwaty artýar
Ulag kommunikasiýalarynyň ösdürilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu möhüm strategik ulgamda ýurdumyzyň amala aşyrýan taslamalary halkara söwda-ykdysady, syýahatçylyk, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar. Milli ulag strategiýasynyň esasynda Merkezi Aziýanyň çäklerinden ençeme asyrlaryň dowamynda geçen Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek baradaky döwlet Baştutanymyz...
Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat
2018-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Russiýanyň “Nowosti” habarlar agentligi, Gyrgyz Respublikasynyň Tokmok şäherinde bolup geçen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) gatnaşýan döwletleriň serhet goşunlarynyň serkerdebaşylarynyň Geňeşiniň 80-nji mejlisiniň jemlerine salgylanmak bilen, hamana, türken-owgan serhetinde ýagdaýyň ýitileşenligi barada ýalan habary ýaýratdy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Daşary işler minsitrligi bu habaryň hakykata laýyk gelmeýänligini we ony Türkmenistan b...
Aşgabatda CAREC-iň 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC) boýunça 17-nji Ministrler maslahaty öz işini dowam etdi. Maslahat öz işini «Merkezi Aziýa sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygygyň söwda babatynda täze goşulyşan gün tertibi 2030 (SBGGTŞ) we CAREC 2030» temasy boýunça tegelek stol görnüşindäki gepleşikleriň çäginde dowam etdi. CAREC-ň agza ýurtlarynyň ministrleri we duşuşygyň beýleki gatnaşyjylary çykyş etmek bilen CAREC 2030, SBGGTŞ 2030 we...
Türkmen-italýan işewürler maslahaty özarabähbitli hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine garaýar
2018-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-italýan işewürler maslahaty geçirildi we oňa gatnaşmak üçin Italiýa Respublikasynyň işewür adamlarynyň wekilçilikli topary Aşgabada geldi. Işewürler maslahatyna gatnaşmak üçin Italiýanyň wekiliýetiniň düzüminde birnäçe döwlet edaralarynyň we guramalarynyň, şeýle hem söwda, derman senagaty, azyk senagaty, oba hojalyk we senagat tehnologiýalary, inžener hyzmatlary, ulag we logistika, energetika, nebitgaz...