RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
7 Noý

Seul şäherinde «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumynyň» 11-nji mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 6-7-nji noýabry aralygynda Seul şäherinde «Koreýa Respublikasy – Merkezi Aziýa Hyzmatdaşlyk forumynyň» Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde 11-nji mejlisi geçirildi. Türkmen wekiliýetine bu forumda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary baştutanlyk edýär. Agzalan forumyň dowamynda Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek,  şeýle hem ýurtlaryň işewür ada...

DOWAMY
pic
7 Noý

Şanhaýda geçirilýän IMPORT EXPO sergisinde türkmen ykdysadyýetiniň gazananlary we geljegi görkezilýär

Şanhaýyň Halkara sergi toplumynda import harytlarynyň Hytaýyň halkara birinji sergisi geçirilýär, onda ýurtlaryň 80-den gowragy öz gazananlaryny we önümlerini görkezýärler. IMPORT EXPO-2018 sergisiniň 5-nji noýabrda bolan açylyşyna daşary ýurtlaryň we hökümetleriň baştutanlary gatnaşdylar, onda HHR-yň başlygy Si Szinpin çykyş etdi. Çäre Bütindünýä söwda guramasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň senagat ösüşi guramasynyň howandarlygynda geçirilýär.  Ýurdumyzyň wekilýetiniň hatarynda söwda...

DOWAMY
pic
6 Noý

Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly birinji kitabynyň tanyşdyryş dabarasy

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Kastamonu döwlet uniwersiteti bilen bilelikde 2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda “2018-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Kastamonu şäherinde «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly ylmy-amaly maslahaty we Çuňňur Hormatlanylýan Prezidentimiziň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly birinji kitabynyň türk dilindäki nusgasynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de “Türkmenistan günleri” mynas...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygyny kabul etdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyogluny kabul etdi.  Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Türkiýäniň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Şunda Rifat Hisarjyklyogly öz ýurdunda Türkmenistanyň gazanan uly üstünliklerine tüýs ýürekden guw...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistandaky diplomatik korpusyň wekilleriniň Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna sapary

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Rumyniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň wekilhanasynyň, ÝHHG-nyň Merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we ÝUNISEF-iň wekilhanalarynyň baştutanlary, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň Sebitleýin merkeziniň wekilleri Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş edarasyna tanyşlyk sapary bilen bardylar. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasy...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň DIM-inde Kuba Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Kuba Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Alfredo Niewas Portuondonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar iki ýurduň BMG-niň çägindäki ýakyn hyzmatdaşlyklaryň ähmiýetleri barada pikir alyşdylar. Türkmenistan bilen Kubanyň BMG-niň çäklerinde biri-biriniň öňe sürýän tekliplerini goldaýandyklary bellenilip geçild...

DOWAMY
pic
5 Noý

BMG-niň Çagalar Gaznasynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri bilen duşuşyk

2018-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça müdiri we Ýewropada bosgunlaryň we migrantlaryň meseleleri boýunça ýörite utgaşdyryjysy hanym Afşan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar türkmen hökümeti we ÝUNISEF-iň arasyndaky hyzmatdaşlyklary boýunça 2016-2020-nji ýyllardaky döwri üçin Dö...

DOWAMY