RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
3 Noý

Gamburgda “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly sergisi

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Gamburgyň Arheologiýa muzeýinde “Margiana -Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy” atly arheologiki sergisiniň açylyşy boldy. Açylyş dabarasyna 400 golaý adam gatnaşyp, olaryň arasynda Gamburg şäheriniň medeniýet boýunça edarasynyň, nemes muzeýleriniň ýolbaşçylary, Gamburgda akkreditirlenen diplomatik gulluklaryň ýolbaşçylary, Germaniýanyň ylym gurşawlarynyň wekilleri, german jemgyýetçilik guramalarynyň we kompaniýalarynyň, şeýle hem türkemn diaspor...

DOWAMY
pic
3 Noý

Astanada GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde GDA-nyň hökümet baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýet ýolbaşçylary düzüminde geçirilen mejlisde GDA-nyň agza ýurtlaryň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygyň aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy. Giňişleýin düzümde geçirilen mejlisiň gün tertibinde 15 sany dürli ulgamlarda hyzm...

DOWAMY
pic
2 Noý

Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 1-2-nji noýabrynda Aşgabatda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi. Iki döwletiň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan Mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryň meseleleriniň giň toplumy go...

DOWAMY
pic
2 Noý

Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty dabaraly ýagdaýda açyldy

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Aşgabatda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasy boldy. Olimpiýa şäherçesiniň düzümine girýän Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy çempionatyň dabaraly açylyşynyň geçirilýän ýeri boldy. Hormat garawulynyň esgerleri tarapyndan dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy meýdança getirildi. Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra sport topl...

DOWAMY
pic
1 Noý

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Eziz watandaşlar!  Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!  Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!  Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň alnyp barylmagy üçin zerur bolan amatly şertleri döretdi. «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diý...

DOWAMY
pic
1 Noý

Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşyjylara

Dünýä çempionatyna gatnaşýan eziz myhmanlar!  Agyr atletikanyň hormatly türgenleri!  Sizi dünýäniň sport taryhyndaky möhüm waka — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu çempionatyň örän ýokary derejede we üstünlikli geçiriljekdigine, parahatçylyk we dostluk, olimpiýa taglymatlaryny we ýörelgelerini rowaçlandyrmaga uly goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn!  Bedenter...

DOWAMY
pic
1 Noý

Türkmenistanyň DIM-de Owganystan Yslam Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

2018-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetirijisi Mohammad Homaýun Kaýumi bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň hem ikitaraplaýyn gepleşikleri işjeňleşdirmek ugruna bolan meýillerini aýan etdiler, şeýle hem sebitdäki ýagdaýy we türkmen-owgan hyzmat...

DOWAMY