SOŇKY HABARLAR
«Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşynyň dabaraly ýörüşine badalga beriler
2018-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenabat şäherinde «Amul-Hazar 2018» halkara awtoralli ýaryşyna bagyşlanyp dabaraly ýöriş geçiriler. Mundan başga-da, şu ýylyň 11-nji sentýabrynda dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döreden «Amul-Hazar 2018» halkara ähmiýetli sport ýaryşyna badalga beriler. Häzirki wagtda agzalan halkara awtoralli ýaryşyna 20-den gowrak ýurtlardan 80-den köpräk ekipažlaryň gatnaşmagyna garaşylýar....
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitde iri bug-gaz elektrostansiýanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde utgaşykly dolanyşykda işleýän ýurdumyzdaky ilkinji bug-gaz elektrik stansiýasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Energetika işgärleriniň gününe gabatlanan bu waka milli Liderimiziň başyny başlan giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmek ýolunda nobatdaky möhüm waka boldy. Şol maksatnamalar bolsa milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge,...
Türkmen neşirleri – abraýly halkara bäsleşigiň ýeňijileriniň hatarynda
2018-nji ýylyň 7-nji sentýabrynda otuz birinji Moskwa Halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäginde GDA agza-ýurtlarynyň arasynda “Kitap sungaty” atly 15-nji halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bäsleşik döwürleýin çap etme, kitap neşiri, kitaby ýaýratma we poligrafiýa boýunça döwletara geňeşiniň we Russiýa Federasiýasynyň Neşir we köpçülikleýin aragatnaşyk boýunça federal agentliginiň ýolbaşçylygynda 2004-nji ýyldan bäri yzygiderli esasda geçirilýär. Bäsleşigiň maksad...
Aşgabatda energetika pudagynyň ösüşine bagyşlanan sergi öz işine başlady
2018-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Söwda-senagat edarasynyň binasynda “Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary” ady bilen halkara sergi we maslahat öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen bu forumy Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen Söwda-senagat edarasy bilelikde guradylar. Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň ýolbaşçylary, Hökümet agzalary, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň wekilleri, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanal...
Awstriýada “Türkmenistan-Beyik Ýüpek ýolunyň yüregi” atly maýa goýum we hyzmatdaşlyk maslahaty geçirildi
2018-nji ýylyň 5–6-njy sentýabry aralygynda Awstriýa Respublikasynyň Wena şäherinde “Türkmenistan-Beyik Ýüpek ýolunyň yüregi” atly maýa goýum we hyzmatdaşlyk maslahaty geçdi. Ýokarda agzalan çäräniň dowamynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň ösüşi babatynda wideo şekiller görkezildi, şeýle hem ykdyadyýet, daşary söwda, ulag, tebigy magdanlary gazyp almak we gaýtadan işlemek, hususy eýeçilik, salgyt salmak, senagat, agro-senagat, oba hojalyk, bank ulgamy, hyzmatlar ulgamy, syýahatçylygyň ösmegi...
«Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
Hormatly halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar! Eziz watandaşlar! Sizi «Türkmenistanyň energetika senagatynyň ösüşiniň esasy ugurlary» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň açylmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ýokary depginler bilen ösdürilmegi netijesinde, halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen birlikde energetika senagatynyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin hem zerur şertler döredildi. «Tür...
Aşgabatda MASYH agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň 9-njy mejlisi geçirildi
2018-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda Aşgabatda Merkezi Aziýada sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (MASYH) agza ýurtlarynyň ýük daşaýjylarynyň assosiasiýasynyň federasiýasynyň nobatdaky 9-njy mejlisi geçirildi. Mejlise Hytaý Halk Respublikasynyň, Pakistanyň, Owganystanyň, Mongoliýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Türkmenistanyň ministrlikleriniň we ugurdaş edaralarynyň wekiliýetleri, şeýle hem Aziýanyň ösüş bankynyň, Bütindünýä...