SOŇKY HABARLAR
Rumyniýada Türkmenistanyň Bitaraplygyna bagyşlanan sergi öz işine başlady
2018-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Buharest şäheriniň «ARÇUB» medeniýet merkezinde «Ilçihanalaryň Festiwaly» atly ýyllyk halkara çäresiniň resmi açylyşy geçirildi. Çäräniň işine Rumyniýada akkreditirlenen 70 sany diplomatik wekilhanalary, halkara guramalaryň wekilleri, Rumyniýanyň ministrlikleriniň we edaralarynyň işgärleri, medeni rumyn jemgyýetçiligi we ýerli KHBS-niň wekilleri gatnaşdy. «ESÇU assosiasiýasy» atly hökümete degişli bolmadyk guramasy, UNESCO-nyň Rumyniýadaky wekilhanasy we Rumy...
BILDIRIŞ
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň adminstratiw–tehniki işgärleri taýýarlamak boýunça okuw merkezini tamamlan hünärmenleri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamynda tälim alşy geçmek üçin bäsleşik yglan edýär. Resminamalar 2018-nji ýylyň sentýabr aýynyň 1-inde 20-sine çenli, sagat 9:00-dan 18:00-a çenli kabul edilýär. Goşmaça maglumat almak üçin şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat ş.,...
Berlinde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Berlin şäherinde Türkmenistanyň GFR-däki Ilçihanasy Berliniň Taryhy döwürden öňki we irki taryhy muzeýi bilen bilelikde 2018-nji ýylyň “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” diýip yglan edilmeginiň çäginde «Margiana – Türkmenistanyň çäklerindäki bürünç asyrynyň şalygy» atly çäresi geçirildi. Çärä GFR-iň Federal Kansleriniň diwanynyň, Federal Daşary işler ministrliginiň, Federal ykdysady we energetika ministrliginiň wekilleri, GFR-de akkreditirlenen diplomat...
«Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda, Olimpiýa şäherjiginiň «Sport» myhmanhanasynda «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine bagyşlanan maslahat geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň agzalary, ministrlikleriň we edaralaryň işgärleri, «Amul-Hazar 2018» halkara awtorallisine taýýarlyk görmek we ony geçirmek boýunça jogäpkär wekiller, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar...
Türkmenistanda Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça Hereketleriň milli Meýilnamasyny ýerine ýetirilmegiň gidişi seljerildi
2018-nji ýylyň 31-nji awgustynda Aşgabatda Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça 2016-2018-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasynyň (HMM) ýerine ýetirilmeginiň gidişini seljermek boýunça tegelek stoly geçirildi. Çäräniň işine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň wekilhanasynyň, ABŞ-niň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň, Gazagystan Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň, Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri, halkara...
Aşgabatda türkmen-emirat syýasy geňeşmeleri geçirildi
2018-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Myhmanlaryň wekiliýetine Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň orunbasary Ahmed Al Jerman ýolbaşçylyk etdi. Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy geljekde giňeltmekde ikitaraplaýyn gyzyklanmalary aýdyp, wekiliýetleriň ýolbaşçylary häzir...
Türkmenistanyň DIM-de “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine bagyşlanyp brifing geçirildi
2018-nji ýylyň 28-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisiniň geçirilmegine bagyşlanyp brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň işgärleri, şeýle hem ýurdumyzda işleýän daşary ýurtlaryň we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingde gatnaşyjylaryň öňünde Türkmenistanyň Içeri işler, Sport we ýaşlar syýas...