RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Few

BMG-niň Ženewadaky bölüminde BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde «Beýik ýüpek ýoly: intermodal aragatnaşyk we taryhy ulag ugurlarynyň ähmiýeti» atly çäresi geçirildi

2018-nji ýylyň 20-nji fewralynda öz işine başlan BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Içerki ulaglar boýunça komitetiniň 80-nji sessiýasynyň çäginde 2018-nji ýylyň «Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» diýip yglan edilmegi we Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen Baş Assambleýanyň A/RES/72/212 belgili «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» kararnamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan BMG-niň Ženewadak...

DOWAMY
pic
20 Few

Türkmenistanyň ÝHHG-nyň ýanyndaky wekilýeti BMG-nyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasy boýunça beýannama bilen çykyş etdi

2018-nji ýylyň 19-njy fewralynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ykdysady we ekologiýa meseleleri boýunça komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň resmi wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamasynyň kabul edilmegi mynasybetli beýannama bilen çykyş etdi. Beýannamada, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhame...

DOWAMY
pic
19 Few

2018-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda“Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” mynasybetli geçirilen sport ýaryşlar

2018-nji ýylyň 17-18-nji fewraly aralygynda “Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni” baýramçylygyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň hem-de Aşgabatda ýerleşýän daşary ýurt diplomatik we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň sport toparlarynyň gatnaşmagynda aşakda görkezilen sport ýaryşlar geçirildi: Basketbolyň 3x3 görnüşi - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary istitutynyň sport toplumynda; 400 metr aralyga köpçülikleýin ylgaw - Magtymguly...

DOWAMY
pic
19 Few

Ýerewanda BMG-nyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek bilen bagly kararnama bagyşlanylyp brifing geçirildi

2018-nji ýylyň 15-nji fewralynda Türkmenistanyň Ermenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Noýan Tapan” habarlar agentliginde Türkmenistanyň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama bagyşlanan brifing geçirildi. Çärä Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Ermenistanda akreditirlenen diplomati...

DOWAMY
pic
19 Few

Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp geçirlen maslahat

2018-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp «Beýik Ýüpek ýolunyň diplomatiýasy: parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň dabaralanmagy» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, Ylymlar Akademiýasynyň,  Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutynyň, Türkmenistanyň Prezide...

DOWAMY
pic
17 Few

Kipryň Türkmenistandaky Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy

2018-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ynanç hatlaryny gowşurmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Leonidas S. Markidis  bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ilçi özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Soňra taraplar Türkmenistanyň we Kipr Respublikasynyň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýlaryny we ony işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri...

DOWAMY
pic
17 Few

Martda geçiriljek saýlawlarda GDA, BMG, ÝHHG DIAHBE,ŞHG, YHG synçylarynyň gelmegine garaşylýar

Türkmenistanda Mejlisiň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriniň agzalarynyň 25-nji martda geçiriljek saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Häzirki wagtda dalaşgärleri bellige almak we hödürlemek işleri dowam edýär. Ähli saýlaw okruglarynda Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýanyň komitetleriniň hem-de raýatlar toparlarynyň ýygnaklary geçirilýär, şolaryň barşynda ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjylyk edarasyna, ýerli häkimiýet hem-de ý...

DOWAMY