SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hindistan Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk
2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň öz diplomatik wezipesini tamamlaýan Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi j-p Thatipamula Wenkata Nagedra Prasad bilen duşuşygy boldy. Ilçi işlän döwründe Ilçihananyň işine berilen ýardam we goldaw üçin türkmen tarapyna çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan we Hindistan Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ý...
Aşgabatda Belarus Respublikasynyň Medeniýet günleri açyldy
2018-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu iri möçberli medeni çäre türkmen-belarus diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär. Medeni çärä gatnaşmak üçin Aşgabada Belarusuň medeniýet we sungat ussatlarynyň wekilçilikli topary geldi. Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna medeniýet ulgamynyň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Aşgab...
Londonda türkmen-britan işewur gatnaşyklarynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...
TDIM-nde Halkara talyplar sporty federasiýasynyň Prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Halkara talyp sporty federasiýasynyň Prezidenti Oleg Matysiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar talyp sporty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem Halkara talyp sporty federasiýasynyň we Türkmenistanyň sport edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşa...
2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň Ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli Metbugat maslahaty geçirildi
2018-nji ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik ýüpek ýolunyň ýüregi” ýyly diýlip yglan edilmegi hem-de Türkmenistanyň ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri mynasybetli Ilçihana tarapyndan metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahatyna Türkiýe Respublikasynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, has takygy “TRT Awaz” döwlet teleýaýlymynyň, “Anadoly agentligi”, “Türk habar agentligi”, “TR...
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Tährandaky YHG-nyň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň maslahatyna gatnaşdy
2018-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Tährana Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tährana geldi. Günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň çakylygy kabul edilendigi we Tährana wekilçilikli topar iberilendigi üçin m...
Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda gepleşikler
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Hindistana özüniň gysga möhletleýin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Delide Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy. Hindistanyň Daşary işler ministrine gysga wagtyň içinde duşuşygy gurnandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, R.Meredow TAPI gaz geçirijisini tejribede durmuşa geçirmekde we iri hususy we döwlet donorlary tarapyndan degişli maliýe çeşmelerini...