RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Ýan

Yslamabatda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda syýasy geňeşmeleriň nobatdaky mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 14-16-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky hökümet wekiliýeti iki günlik sapar bilen Yslamabatda boldy. Günüň birinji ýarymynda duşenbe güni Pakistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Pakistanyň arasynda daşary işler ministrleriň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Pakistan tarapyna ýurduň Daşary işler ministri Khawaja Muhammad Asif ýolbaşçylyk etdi.   Geňeşmeleriň gün tertibine...

DOWAMY
pic
4 Ýan

«Rai Tre» Türkmenistany 2018-nji ýylda “syýahatçylyk üçin iň gowy ýer” diýip yglan etdi

Italýan teleýaýlymy «Rai Tre»-niň tomaşaçylardan geçiren soraglarynyň netijesinde 2018-nji ýylda syýahatçylyk üçin iň gowy ýerler kesgitlenildi. ORIENT.tm habarlar agentliginiň habar bermegine görä Türkmenistan soraglaryň '' Taryh'' ugry boýunça öňdeligi eýeledi. Habar berlişine görä, dünýäniň dürli ýurtlaryna baryp gören syýahatçy tomaşaçylaryň pikirleri teleýaýlym tarapyndan dünýäniň meşhur ýerlerinde ýazgy edilen  syýahatçylyk we jahankeşdelik hakyndaky köpsanly teleýazgylardan soň öwrenildi....

DOWAMY
pic
31 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlara beslenen 2017-nji — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly tamamlanyp barýar. Biz uly üstünlikler gazanylan 2017-nji ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy ýokary sepgitlere çykarjak Täze — 2018-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşylaýarys. 2018-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça it ýyly. Türkmeniň öý-ojagynyň, mal-garasynyň goragçysy bolan itiň wepadarlygy üçin, halkymyz «It geldi — gut geldi» diý...

DOWAMY
pic
28 Dek

Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt ugry boýunça gatnawy açdy

Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça gatnawy açdy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada şu ýylyň awgust aýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda g...

DOWAMY
pic
27 Dek

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan maslahat

2017-nji ýylyň 26-njy dekabrynda Türkmenistanyň Adalat köşgüniň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “Bitarap Türkmenistanda döwletliligiň, hukuk ulgamynyň we demokratiýanyň ösüş gadamlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilhanalarynyň we ýurdumyzda işleýän halkara guramalaryň wekilleri, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, şeýle hem Tür...

DOWAMY
pic
25 Dek

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2017-nji ýylyň 28-29-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň başlyklyk etmegindäki Aşgabatda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 28-nji mejlisiniň netijesinde kabul edilen Energetika Hartiýasynyň Aşgabat Beýannamasy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň gün tertibiniň 19(i) bölüminiň resminamasy hökmünde çap edildi.

DOWAMY
pic
22 Dek

BMG-nyň Baş Assambleýasy «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnamany kabul etdi

2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly kararnama (rezolýusiýa) Birleşen Milletler Guramasynyň ähli agza ýurtlary tarapyndan biragyzdan kabul edildi. Bu Resminama 74 sany döwlet bilelikde dörediji hökmünde çykyş etdi. Kararnamada durnukly ulagyň ornuny gowulandyrmaga we iş ýerlerini döretmegi...

DOWAMY