SOŇKY HABARLAR
Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy
2017-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ösüş maksady bilen 2016-2020-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly Maksatnamasynyň Milli dolandyryş we utgaşdyryş toparynyň duşuşygy boldy. Duşuşygyň işine Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Hemişelik utgaşdyryjysynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF), Bütindünýä saglyk guramasynyň, BMG-niň ilat gaznasynyň Türkmenistanda akkreditirlenen wekilleri we ýolbaşçylary, şeýle hem Türkme...
ÝHHG Türkmenistanda tebigy betbagytçylyklarda we agyr ýagdaýlarda adatdan daşary komegiň gurallary boýunça okuw sapaklaryny gurnady
2017-nji ýylyň 14-15-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Döwlet topary we beýleki degişli edaralar üçin “Tebigy betbagytçylyklarda we adatdan daşary ýagdaýlarda netijeli täsir etmegiň gurallary” atly hünär okuwlary geçirildi. Iki günlik çäre adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmegiň çäklerinde öňüni alyş we taýýarlyk görüş işlerine bagyşlandy, şeýle-hem adatdan daşary ýagdaýlarda jemgyýetiň...
Türkmenistanyň Prezidenti 2018-2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklady
15-nji dekabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer S. Toýlyýew döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky milli müdirligi bilen bilelikde taýýarlan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen Türkmenistanyň çägindäki taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň Döwlet maksatnamasyny hödürledi. Maksatnama 2018-2021-nji ýyllarda üçin niýet...
Serhetabat-Turgundy demir ýolunyň gurluşygy meýilnama laýyklykda alnyp barylýar
Turgundy bekediniň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, Owganystanyň çäklerinde demir ýoluň gurluşygy meýilnama laýyklykda barýar. Bular barada ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça wise-premýer B. Annameredow hökümetiň mejlisinde habar berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, türkmen hünärmenleri iş meýilnamasyna laýyklykda, polat ýoluň gurluşygyny tapgyrlaýyn alyp barýarlar. Demir ýol gurluşykçylarynyň şu günlerdäki iş depgini işleriň öz möhletinde ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün ed...
Hormatly Prezidentimiz watandaşlarymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Sizi dünýä bileleşigi bilen bilelikde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde ilkinji gezek giňden bellenýän Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bitaraplyk türkmen halkynyň, dünýä bileleşiginiň ynsanperwer maksatlaryny rowaçlandyrýar. Döwletleriň we halklaryň arasynda parahatçylygy, dostlugy hem-de hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berkarar döwleti...
BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň 10 ýyllygynyň hormatyna halkara maslahat
Şu gün paýtagtymyzda “Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen foruma ýurdumyzyň diplomatik düzüminiň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň—Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň, şeýle hem beýleki...
Türkmenistanyň DIM-de UNAMA-nyň departamentiniň direktory bilen duşuşyk geçirildi
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) syýasy departamentiniň direktory Skot Seward Smit bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar sebitleýin hyzmatdaşlyga we Owganystanyň territoriýasynda energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda durmuşy zerur taslamalary amala aşyrmak boýunça kabul edilen amaly ädimlere ünsi çekdiler. Şeýle hem Owganystanda howpsuzlygy, durnuklylygy üpjün etm...