SOŇKY HABARLAR
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň wekili bilen duşuşyk geçirildi
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara bitaraplyk gününe we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanan çärelere gatnaşmak üçin türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklar boýunça direktory Şefik Wural Altaý bilen duşuşyk geçirildi. Açyk, işewür we konstruktiw ýagdaýda geçen gepleşikleriň dowamynda iki daşary syý...
"Sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk" halkara maslahaty
2017-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkeziň açylmagynyň 10 ýyllygyna bagyşlanyp “Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi: sebitde parahatçylyk we gülläp ösüş maksatlarynda Merkezi Aziýa bilen 10 ýyl hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň diplomatik missiýalarynyň ýolbaşçylary we halkara guramalarynyň Türkmenistanda akkre...
Moskwada Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahaty bolup geçdi
2017-nji ýylyň 4-5-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet iş sapary bilen Moskwa şäherinde boldy we Hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministleriniň ýedinji maslahatyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda Russiýanyň, Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň we Türkmenistanyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýasyndan gelip çykýan meseleleri, şeýle hem ykdysadyýeti, ulagy, brakonýerçilik bilen göreş...
Aşgabatda «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
2017-nji ýylyň 5-nji dekabrynda Aşgabatda «Türkmenistan-ÝB» bilelikdäki komitetiniň nobatdaky 17-nji mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Ýewropa bileleşiginden Russiýa Federasiýasy, Gündogar hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa, Sebitleýin hyzmatdaşlygy we daşary syýasat işiniň Ýewropa gullugyndaky ÝHHG-niň boýunça Direktoratynyň ýolbaşçysy Lýuk Dewiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet türkmen paýtagtyna geldi. Mejlisiň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ikitaraplaý...
Türkmenistanyň wekiliýeti “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” çäklerindäki VII maslahata gatnaşdy
2017-nji ýylyň 1-nji dekabrynda Bakuda “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” çäklerinde ministrler derejesindäki VII maslahat “Aziýanyň ýüregi güýçli sebitiň hatyrasyna howpsuzlyk we ygrarlylyk” diýen temada öz işine başlady. Bu maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti gatnaşdy. Maslahatyň işine “Aziýanyň ýüregi-Stambul prosesiniň” agzasy hasaplanylýan döwletleriň we guramalaryň wekilleri- Owganystanyň Prezidenti we Daşary işler ministri, Tür...
Ankara şäherinde Halkara Bitaraplyk Gününe bagyşlanan maslahat geçirildi
2017-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ankara şäherinde Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň wekilleri, Ankara şäherinde ýerleşýän Ilçihanalaryň wekilleri, Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň agzalary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we bilermenleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çärä gatnaşyjyla...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Serhetabat – Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna badalga berdi
Mary welaýatyna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen serhedinden Owganystanyň Turgundy şäherine tarap täze demir ýoluň gurluşygyna badalga berdi. Bu waka Türkmenistanyň we Owganystanyň üstünlikli ösdürilýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir subutnamasydyr. Iki ýurduň demir ýoluň edaralary geçen hepde Aşgabatda bu demir ýoluň şahasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler. Türkmenistanyň Baştutanynyň...