RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
13 Noý

Türkmenistanyň wekiliýeti Samarkantda halkara maslahata gatnaşdy

2017-nji ýylyň 10-11-nji noýabrynda Samarkantda BMG-niň başlangyjy bilen Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça “Merkezi Aziýa: bir geçmiş we umumy geljek, durnukly ösüşiň we özara gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahaty, şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministrleri derejesinde “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” atly nobatdaky duşuşyk geçirildi. Ýokarda ady agzalan halkara çärelere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başly...

DOWAMY
pic
9 Noý

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin maglumat

2017-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Wengriýanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Wengriýanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösüşi, halkara guramalarynyň, ylaýta-da BMG, ÝHHG we ÝB ýaly guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we dürli halkara guramalaryň çarçuwasynda birek-biregiň halkara başlangyçlaryny goldaýandygyny kanagatlama bilen bellediler. Ikita...

DOWAMY
pic
9 Noý

DÖM boýunça Ylmy-usulyýet merkezi Durnukly ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmek boýunça okuw maslahatyny gurnady

DIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynda ýakynda açylan Durnukly ösüş maksatnamalary (DÖM) boýunça Ylmy-usulyýet merkezinde gurnalan birinji okuw-türgenleşigine ýurdumyzyň demokratik, agrar, senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Merkeziň mugallymlarynyň arasynda BMG-nyň, BMG ÖM-nyň, BMG-nyň Ilat gaznasynyň bilermenleri, şeýle hem ministrlikleriniň, hukuk institutlarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, ýurdumyzyň beýleki bilim edaralarynyň hünärmenleri bar. Bir hepde...

DOWAMY
pic
8 Noý

Sebit Ekologiýa Merkezi Suw Serişdelrini dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan seminary geçirdi

Aşgabatda suw serişdelrini utgaşdryp dolandyrmak ýörelgesine bagyşlanan Merkezi Aziýa Sebit ekologiýa merkeziniň seminary geirildi. Çäre Araly halas ediş halkara gaznasyna (AHEHG-a) ýudumyzyň başlyklyk etmegi we suw ulgamynda ýerli dolandyryjylar düzüminiň mümkinçiligini ýokarlandyrmak jähtinden gurnaldy. Duşusyga Mejilisiň deputatlary, Oba we suw hojalygy, Malýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiniň hün...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistanyň Mejlisi kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesini kabul etdi

2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakyndaky” Kanunlarynyň, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş...

DOWAMY
pic
6 Noý

BMG-niň Ženewadaky bölüminde "RECCA VII" bagyşlanan maslahat geçirildi

2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda boljak Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatyna (RECCA VII) bagyşlanan toparlaýyn maslahat geçirildi. Maslahatyň işine RECCA-nyň meýilnamalaryna we taslamalaryna gatnaşýan ýurtlaryň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we Halkara söwda merkezi hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary...

DOWAMY
pic
6 Noý

Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Baş Konferensiýasynyň wise-prezidentligine saýlandy

ÝUNESKO-nyň Parižde ýerleşýän Baş edarasynda guramanyň Baş Konferensiýasynyň 39-njy mejlisi öz işine başlady. 2017-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 202-nji sessiýasyndaky №202 EX/27 Part III bellikli çözgüde görä Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça Baş Konferensiýasynyň (ÝUNESKO) başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy. Munuň özi Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki özgertmeleriniň esasy, möhüm we zerur şerti bolup durýan işj...

DOWAMY