SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasyna resmi sapary
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Duşenbäniň Halkara howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar döwründe berilen rezidensiýa ugrady. Soňra Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Ol ýerde Prezident G...
Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” atly ХХII Halkara maslahat we sergi açyldy
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt ha...
Awazada halkara syýahatçylyk maslahaty açyldy
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergisiniň açylyşy hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça adybir maslahatyň ilkinji güni geçirildi. Çäreler Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti hem-de Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy. Maslahata ýigrimiden gowrak döwletden: Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Beýik Britaniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan, Germaniýadan, Çehiýadan, Polşadan, B...
Duşenbede türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi
2017-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna boljak resmi sapary mynasybetli Duşenbe şäherinde türkmen-täjik işewürler maslahaty geçirildi. Türkmen wekiliýetiniň düzümine dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, şol sanda Maliýe we ykdysadyýet, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklary, Demir ýol ulaglary, Oba we suw hojalyk, Senagat, Gurluşyk we binagärlik, Dokma senagaty, Medeniýet ministrlikleriniň, şeýle hem “Türkmenhim...
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli guralan dabaralara gatnaşdy
Türkmen halky Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramyny giňden belleýär. Bu şatlykly baýram hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça esaslandyrylan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ruhuny dabaralandyrýar. Türkmen topragynyň ähli künjeginde ýokary ruhy göteriliş ýagdaýynda geçýän ählihalk dabaralary ýaýbaňlandyryldy. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda paýtagtymyzda we welaýatlarda döwrebap ýaşaýyş toplumlary, durmuş, medeni hem-de senagat maksat...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow watandaşlarymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygy bilen gutlady
Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda giňden bellenilýän berkarar Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabry Garaşsyz Türkmenistanyň döredilen hem-de ykrar edilen beýik taryhy senesidir. Mundan ýigrimi alty ýyl ozal Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň jar edilmegi bilen eziz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň ýörelgeleri, syýasy we ykdysady, medeni hem-de durmuş ös...
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň 10 ýyllygyna bagyşlanan leksiýalar
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin Merkeziniň Aşgabatda açylmagynyň 10 ýyllygynyň bellenilmeginiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş hünärmenler üçin ýörite leksiýalar kursyny geçirip başlady. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik edaralarynyň we wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bu leksiýalar bilen çykyş ederler. Leksiýalaryň dowamynda talyplaryň we diňleýjileriň ünsleri öňün...