SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Prezidenti: Dünýäde ulag ulgamyndaky meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi ýokarlanýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty açyp, dünýäde ulag ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi has ýokarlanýar, dünýä jemgyýetçiligi şunuň ýaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny äşgär edýär, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işini goldaýar diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylalaşykly alnyp barylýan ählum...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygyny gutlama dabarasy we Surat sergisi
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy hem-de 2016-njy ýylyň “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan 2016-njy ýylyň 27-nji oktýabrynda, Türkiýäniň premýer-ministrliginiň Daşary ýurtlardaky türkler we doganlyk jemgyýetleri müdirliginiň edarasy bilen bilelikde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 25 ýyllygy» atly dabaraly çäreler toplumy geçirildi. Çäräniň dowamynda halkara maslahaty,...
Türkmenistanyň Mejlisi Pariž Ylalaşygyny tassyklady
Şu gün, Türkmenistanyň Mejlisi 2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Howanyň şertleri boýunça maslahatynda (COP-21) makullanan we 2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Nýu-York şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň baş edarasynda gol çekilen Pariž Ylalaşygyny tassyklady. Türkmenistan howa şertleriniň üýtgemeginiň zeperli netijeleriniň öňüni almagyň tarapdary bolup, howa gurşawyna parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmaga gönükdirilen köpsanly çärelerini yzygiderli geçirýär. Olaryň zyňyndylaryny...
Habar-beriş serişdelerine bildiriş
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň tabşyrygy esasynda Türkmenistanyň hökümetiniň degişli agzalary Türkmenistana iş sapara bilen gelen Belarus Respublikasynyň Premýer Ministriniň orunbasary A.N.Kalininiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Bu duşuşygyň dowamynda iki taraplaýyn hyzmatdaşlygyň örän giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da ýurdumyzda Belarus kompaniýalarynyň alyp barýan işleriniň birnäçesine seredildi. Mälim bolşy ýaly, bu işleriň iň irisi hökmünde OAO “Belgorhi...
Türkmenistanyň wekiliýeti Nýu-Ýork şäherinde BMG-nyň Baş Assambleýasynyň mejlisine sapary tamamlandy
23-nji sentýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisiniň ýokary derejeli hepdesiniň çärelerine gatnaşmagyny dowam etdi. Birleşen Milletler Guramasynyň ştab-kwartirasynda Türkmenistan tarapyndan taryhy Pariž ylalaşygyna dabaraly ýagdaýda gol çekmek bu günüň iň görnükli wakasy boldy. Gol çekmeklik – bu diňe işiň birinji ädimi. Bu ädim arkaly gol çeken döwlet ylalaşygy ratifikasiýa etmek üçin gerekli bolan özüniň içki amallaryny ýerine ýetirmäge taýýardygyny tassy...
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýanyndaky Demokratiýa we Adam Hukuklary baradaky Türkmen Milli Institutynda Brifing geçirildi
2016-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň Mejlisi, Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapynda gurnalan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi mynasybetli brifing geçirildi. Brifingiň işine Mejlisiň, Daşary işler ministrliginiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik w...