SOŇKY HABARLAR
Türkmenistan Energetika Hartiýasyna başlyklyga saýlandy
Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda Energetika Hartiýasy boýunça maslahatyň 27-nji mejlisi geçirildi. Onda Türkmenistan bu iri halkara guramanyň başlygy diýlip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň halkara derejede ýokary abraýynyň we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň ählumumy goldawynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr. Halkara energetika hyzmatdaşlygy bu syýasatyň möhüm ugrudyr. Täze hem-de netijeli çözgütleri gözlemekde işjeň garaýyşlary bile...
Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň başlyklygyna taýýarlanýar
Mälim bolşy ýaly, Aral meselesi derýada gidrogeologik kadanyň üýtgemegi netijesinde XX-XXI asyrlaryň dowamynda has çylşyrymly häsiýete eýe bolup, häzirki döwürde dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde durýar. Bu ýerde dörän ekologiýa heläkçiligi Aral deňziniň çäklerinde, şeýle hem onuň ýakynlarynda ýaşaýan millionlarça adamyň durmuş şertlerine öz täsirini ýetirdi. Dünýäde howanyň ählumumy häsiýetde üýtgemegi ýagdaýyň ýitileşmegine getirýär. Bu babatda emele gelen ýagdaýy düzetmek ekologiýa helä...
PRESS–RELIZ
2017-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň paýtagtynyň Olimpiýa şäherjiginde 2017-nji ýylyň 17-27 sentýabry aralygynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanan açyk metbugat maslahaty geçirildi. Metbugat maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komiteti we Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gurnaldy. Metbug...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Eýranyň milli gaz kompaniýasynyň (EMGK) resmi internet saýtynda ýerleşdirilen maglumatyna degişlilikde, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi şu aşakdakylary belleýär. EMGK-niň esassyz we obýektiw bolmadyk maglumatyna öz tarapymyzdan Kompaniýanyň türkmen tarapyna bolan bergisini üzmek bilen bagly meselede hemmäni ýalňyş pikire ugrukdyrmak synanyşygy hökmünde garaýarys. Hususan hem, «Türkmengaz» Döwlet konserni tarapyndan üpjün edilýän gazyň hili we möçberi bilen bagly şertnamanyň düzgün...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Soňky günlerde Eýranyň we beýleki döwletleriň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gaz pudagyndaky türkmen-eýran gatnaşyklaryna degişli dürli maglumatlar beýan edilýär. Olaryň käbirinde 2017-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Eýranyň türkmen gazy bilen üpjün edilmeginiň «duýdansyz we ikitaraplaýyn ylalaşyga gabat gelmän» bes edilmegi barada gürrüň edilýär. Beýleki neşirlerde bolsa, tersine «Eýran Türkmenistan bilen türkmen gazynyň akdyrylmagy barada 5 ýyllyk ylalaşyga gol çekdi»-diýlip, bellenilýär...
Türkmenistanyň Prezidenti: Dünýäde ulag ulgamyndaky meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi ýokarlanýar
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen paýtagtynda geçirilýän Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahaty açyp, dünýäde ulag ulgamyna degişli meseleleriň çözgüdini tapmakda tagallalaryň birleşdirilmeginiň zerurdygyna düşünmek derejesi has ýokarlanýar, dünýä jemgyýetçiligi şunuň ýaly hyzmatdaşlyga taýýardygyny äşgär edýär, bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň alyp barýan işini goldaýar diýip nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylalaşykly alnyp barylýan ählum...
DURNUKLY ULAG ULGAMY BOÝUNÇA ÄHLUMUMY MASLAHATY
Ulag pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek häzirki döwürde Dünýä ösüşiniň gün tertibiniň esasy ugry. Ulag pudagynda ulgamlaýyn we anyk maksada gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurlygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň birnäçe kararnamasynda, hususan-da, 2015-nji ýylyň 22-nji dekabrynda kabul edilen «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün ed...