img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
17 Awg

AŞGABATDA V AZIÝA OÝUNLARYNA 30 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI

2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler badalga aldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli çäreler bilen birlikde “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna  gatnaşdy. Irden Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolun...

DOWAMY
pic
17 Awg

TÜRKMENISTAN WE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASY HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Hawaja Muhammad Asifiň baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeňleşdirmek meselelerine garadylar. Iki ýurduň arasyndaky özara...

DOWAMY
pic
15 Awg

BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISI: TÜRKMENISTANYŇ DÖREDIJILIKLI GÜN TERTIBI

Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlaýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýermek bilen, ýurdumyzyň öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda amala aşyrjak we gorajak ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Türkmen diplomatiýasy...

DOWAMY
pic
28 Iýul

Ýerine ýetiriji komitet Türkmenistanda petek satuwlaryny “Açyk” diýip yglan edýär

Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üçin petekleriň satuwy şenbe güni, 29-njy iýulda başlaýar. 220 sport ýaryşy üçin 700 000-den gowrak petek satylar. Tomaşaçylar sportuň 21 görnüşi boýunça Aziýanyň we Okeaniýanyň ussat türgenleriniň arasynda 12 günüň dowamynda geçiriljek ýaryşlara tomaşa edip bilerler. Tomaşaçylar ýaryşlaryň rejesinde görkezilen ähli sport ýaryşlaryny, şol sanda seçilip alynýan ýaryşlary we final tapgyrlary barada maglumaty öwrenip, isleg...

DOWAMY
pic
7 Iýun

Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrligi bilen bilelikde Aşgabatda geçiriljek "Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň" tanyşdyryş maslahaty

2017-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkiýäniň Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministrligi bilen bilelikde agzalan ministrligiň maslahatlar zalynda «2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyşy» atly maslahat we sergi geçirildi. Maslahata Türkiýäniň Ýaşlar we sport ministriniň orunbasary Abdurrahim Boynukalyn we ministrligiň müdirlik ba...

DOWAMY
pic
5 Iýun

Türkmenistan Merkezi Aziýa halkara ekologiýa forumyny kabul etdi

2017-nji ýylyň 5-nji iýunynda paýtagtyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç» şygary astyndaky üç günlük Merkezi Aziýa halkara ekologik forumy öz işine başlady. Forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hökümetleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän halkara we sebitleýin guramalarynyň, diplomatik missiýalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, daşky gurşawy goramak boýunça öňdebaryjy bilermenler, ekologiýa ulgamynyň we k...

DOWAMY
pic
18 Maý

Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

2017-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Ankara şäherinde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasyny geçirdi.  Gül goýmak dabarasyna Türkmenistan-Türkiýe dostluk jemgyýetiniň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda bilim alýan türkmen talyplary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň w...

DOWAMY