img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

photo

2017-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Premýer-minitriniň orunbasary - Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň diwanynyň ýolbaşçysy Sergeý Eduardowiç Prihodkonyň  baştutanlygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işlere  uly üns berip, şeýle hem döwletara gatnaşygyny dürli derejelerde giňeltmek zerurlygyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu çarçuwada taraplar ýokary derejede geçirilýän saparlaryň möhüm ornuny bellediler we gazanylan ylalaşyklary ulgamlaýyn esasda ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny tekrarladylar.

Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky  özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegi hakyndaky pikir alyşmaklyga  kanagatlanmasyny bildirdiler we geljekde ähli derejelerde we wagtly-wagtynda duşuşyklary geçirmegiň gerekdigini  nygtadylar.