SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tegelek stol geçirildi
2023-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gynamalara garşy konwensiýa (OPCAT) goşmaça teswirnamanyň hödürlenmegine bagyşlanan gibrid görnüşinde tegelek stol geçirildi. Çäräniň işine ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy babatynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin pudagara toparynyň agzalary, Aşgabatda akkreditirl...
Netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugry
Bitarap Türkmenistan häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp düzmekde işjeň we başlangyçly orny eýelemek bilen, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine, netijeli hyzmatdaşlyga esaslanýan daşary syýasy ugry durmuşa geçirýär. Şu ýylyň dowamynda guralan halkara derejeli möhüm wakalar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan bu öňdengörüjilikli strategiýa...
The celebration of the “300th anniversary of the birth Magtymguly Fragi” is included in the UNESCO List of Memorable Dates
On November 21, 2023, within the framework of the plenary session of the 42nd session of the General Conference of UNESCO, a resolution was adopted according to which Turkmenistan’s proposal to celebrate the 300th anniversary of the birth of the poet Magtymguly Fragi was included in the List of significant dates for joint celebration with UNESCO in 2024-2025. This event is another striking evidence of international recognition of the role and significance in world literature and in the contex...
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň telefon gepleşigi barada
2023-nji ýylyň 23-nji noýabrynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministri Hakan Fidan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň möhüm mowzuklaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda iň ýokary döwlet derejesinde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary iş ýüzünde amala aşyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň we Türkiýäniň daşary syýasy edaralarynyň baştutan...
Türkmen-Türk hyzmatdaşlygy Türkiýäniň metbugatynyň sahypalarynda
Häzirki wagtda dünýäniň syýasy ulgamynda ýakyn gatnaşyklary saklamak bilen, Türkmenistan we Türkiýe Respublikasy häzirki wagtda sebitleýin we dünýäniň gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini bellemeli. Şeýle hem ynsanperwer ugurda hyzmatdaşlyk dünýäde halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi saklamak we syýasy hem-de ykdysady gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek üçin möhüm gural hökmünde ykrar edildi. Bu nukdaýnazardan, Türkmenistan bile...
Türkmenistan ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanyldy
2023-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň 42-nji mejlisinde Türkmenistan 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport baradaky Hökümetara komitetiniň agzalygyna biragyzdan saýlanyldy. Bu Komitet sportuň ähmiýetini we ornuny giňeltmek hem-de ony döwlet syýasatynyň düzümine girizmek maksady bilen 1978-nji ýylda döredildi. Türkmenistan 2017-2021-nji ýyllar aralygynda hem ÝUNESKO-nyň bu düzüminiň agzalygyna saýlanyldy.
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar
Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar. Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder. Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we neti...