SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI BILERMENLER MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mükinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň esasy temasy 2022-nji ý...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ AGZASY, GORANMAK MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň D...
KÖPÇÜLIKLEÝIN HABAR BERIŞ SERIŞDELERI ÜÇIN MAGLUMAT
Türkmen halkynyň ynsanperwerlik däplerine esaslanyp Türkmenistan şu ýylyň aprelinde ukrain halkyna ynsanperwer kömegini ýollar. Ynsanperwer kömeginiň düzümi derman serişdelerinden we Türkmenistanyň beýleki lukmançylyk senagatynyň önümlerinden hem-de dokma önümlerinden ybarat bolar.
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, ilki bilen, öz kärdeşini we onuň üsti bilen Russiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene —Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola g...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler. Hormat garawulynyň serkerdesi...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI OWGANYSTAN BILEN GOŇŞY ÝURTLARYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ 3-NJI DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 31-nji martynda HHR-niň Tunsi şäherinde Owganystan bilen goňşy ýurtlaryň Ministrler derejesindäki üçünji maslahaty öz işine başlady. Çäräniň başynda HHR-nyň Başlygy Si Szinpiniň Gutlagy okaldy hem-de BMG-niň Baş sekretary Antonio Guterrişiň wideoýüzlenmesi görkezildi. Öz çykyşynda Ministr R.Meredow nobatdaky duşuşygyň Türkmenistan tarapyndan Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi, bu ýurduň geljekde hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrundaky utgaşykly çemeleşm...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ YHG-NYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hisseýn Brahim Taha bilen duşuşdy. Gepleşikleriň başynda, R.Meredow Baş sekretary bu ýokary we jogapkärli wezipä saýlanmagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň Guramada öz agzalygyna möhüm ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem Baş sekretara, şu ýylyň 12-nji martynda geçirilen, Tür...