RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý. PAKISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 22-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslamabatda Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirdi. Onuň dowamynda ministrler ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ony ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. R.Meredow Pakistan Yslam Respublikasy bilen gatnaşyklaryň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny bell...

DOWAMY
pic
23 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ W.W.Ý.Ý YSLAMABATDA BIRNÄÇE IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 22-nji martynda YHG-nyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň 48-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesini geçirdi.  Hususan hem, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. R.Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri R.Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň çäklerinde ministrler syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ähli...

DOWAMY
pic
23 Mar

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ 48-NJI MEJLISINE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN YSLAMABATDA SAPARDA BOLÝAR

2022-nji ýylyň 22-23-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarynyň, Daşary işler ministriniň w.w.ý.ý. Raşid Meredow Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň (DIMG) sişenbe güni Yslamabatdaky parlament binasynda işe başlan 48-nji mejlisine gatnaşmak maksady bilen Pakistanda saparda bolýar. Musulman ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň her ýyl geçirilýän duşuşygy «Agzybirligiň, adalatyň hem-de ösüşiň hatyrasyna hyz...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WEZIPÄ GIRIŞMEK DABARASYNDAKY ÇYKYŞY

Hormatly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy! Hormatly Halk Maslahatynyň agzalary we deputatlar! Gadyrly watandaşlar! Hormatly myhmanlar! Hanymlar we jenaplar! Ilki bilen, şu belent münberden size we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna ählihalk saýlawlarynda maňa bildiren ynamyňyz üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin. Bu saýlawlaryň netijesinde men Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlandym. Mähriban halkymyň meni Türkmenistan...

DOWAMY
pic
20 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WEZIPÄ GIRIŞMEGI MYNASYBETLI DABARA

2022-nji ýylyň 19-njy martynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Şu gün paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde dabara gatnaşýanlaryň hatarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary, milli parlamentiň iki palatasynyň agzalary we deputatlary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň...

DOWAMY
pic
17 Mar

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezident...

DOWAMY
pic
17 Mar

BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşini mähirli mübärekläp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belled...

DOWAMY