Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar

Özbegistan Respublikasyna iş sapary amala aşyrýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşkentde öz işine başlan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy mejlisine gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde dürli ugurlarda özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky Türkmenistanyň garaýşyny beýan eder.

Abraýly halkara we sebit guramalary, şol sanda YHG bilen köpugurly hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň esasy ugyrlarynyň biridir. Bu Gurama döredilen pursatyndan bäri onuň meýdançasy agza ýurtlaryň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak we ösdürmek üçin netijeli gurala öwrüldi.

Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri bu Guramanyň agzasy bolmak bilen, köptaraplaýyn görnüşdäki hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mynasyp goşant goşýar hem-de YHG gatnaşyjy döwletler bilen dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär. Bu düzümiň çäklerindäki bilelikdäki işiň dowamynda uzakmöhletleýin geljegi nazara almak bilen, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin berk binýat döredýän tejribe toplanyldy.

2021-nji ýyldan bäri Guramada başlyklyk etmeginiň dowamynda Türkmenistan ýörite işlenip taýýarlanylan Konsepsiýa laýyklykda, bu jogapkärli wezipäni ýerine ýetirmekde hemmetaraplaýyn oýlanyşykly, anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilen çemeleşmäni görkezdi. Hususan-da, bu döwür üçin ýurdumyz syýasatda, söwdada, maýa goýum hyzmatdaşlygynda üýtgäp durýan ýagdaýlar bilen baglylykda, YHG-niň işiniň many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagyny, ulag, energetika ulgamlarynda yzygiderli we anyk hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy, bu hyzmatdaşlygyň sanlylaşdyrylmagyny, ekologiýa ulgamynda tehnologiýalaryň paýlaşylmagyny hem-de tejribe alşylmagyny esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Sebit, yklym we dünýä hojalyk gatnaşyklaryna täsir eden ählumumy pandemiýa ýagdaýynda munuň özi has-da uly ähmiýete eýe boldy.

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitiniň 2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda YHG-niň gününde     Aşgabatda guralandygyny bellemek gerek. Onuň netijesinde jemleýji resminama – Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.

YHG-niň ýokary derejedäki duşuşyklary meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem YHG-niň giňişligindäki ykdysady sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm we ileri tutulýan ugurlary boýunça çözgütleri kabul etmek üçin oňat mümkinçilik bolup hyzmat edýär.