TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
TÜRKİÝE RESPUBLIKASY - ANKARA
2022-nji ýyl - Halkyň
Arkadagly zamanasy
1- Tassyklanan görnüşde, Çaganyñ dogluş hakyndaky kepilnamasynyň asyl nusgasy (Ýagny, kepilnama çaganyň doglan Hassahanasy tarapyndan berilen bolup, Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde tassyklanan bolmaly. Eger-de çaga Türkiýäniň haýsydyr bir welaýatynyň çäginde doglan bolsa Hassahanadan alynan kepilnama ilki bilen welaýat häkimliginiň degişli bölüminde soňra Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginde tassyklanan bolmaly);
2- Ýerli Kaýmakamlyk/Nüfus Müdirliklerinden çaganyň doglandygy hakynda anket (Türkiýäniň raýaty bolmaýan çaganyň doglanlygy hk maglumat forumy);
3- Çaganyñ ene-atasy tarapyndan Arza;
4- Goşundy-1 doldurmaly;
5- Çaganyñ ene-atasynyñ Nika hakyndaky şahadatnamalarynyñ nusgasy;
6- Çaganyñ ejesi şol döwürde resmi nikada durmaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň degişli bölüminden Resmi nikada durmaýandygy barada Delilhatyny almaly we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tassyklatdyryp getirmeli;
7- Çaganyñ ene-atasynyñ pasportlarynyñ (zagran we raýatlyk pasportlary) nusgalary;
8- Çaganyň ene-atasynyň Türkiýede kanuna laýyk ýaşaýanlygyny tassyklaýan resminamalarynyň nusgasy;
9- Çaganyň doglan güninden 1 ýyldan köp wagt geçen bolsa, onda şol çaganyň saglyk ýagdaýy barada Hassahanadan ýa-da Saglyk ojaklardan kepilnama almaly (kepilnamanyň senesine 1 aýdan köp wagt geçen bolmaly däl);
10- Täze doglan çaganyň döwlet nama ýazgysyna ýazylmagy we oňa Dogluş hakynda şahadatnamasynyň resmileşdirilmegi üçin konsullyk hyzmatynyň ýygymlary alynýar.
- Adaty tertipde (resmi ýüz tutulan güninden üç iş gün geçen bolsa) jemi: 34 $ töleg alynýar.
- Gyssagly teripde (resmi ýüz tutulan güni ýa-da üç iş günden öň bolsa) jemi: 64 $ töleg alynýar.