SOŇKY HABARLAR
Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi
2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary der...
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy barada
2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tara...
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we SHOM jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi
2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy hem-de Ankaradaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýanýoldaşlarynyň jemgyýetçilik birleşigi (SHOM) bilen bilelikde guralyp, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we medeni dialogy pugtalandyrmak»...
Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkiýe - Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak...
Ankarada Türkmen bedewiniň milli baýramy bellenildi
2026-njy ýylyň 24-nji aprelinde Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Çärä atçylyk pudagynyň hünärmenleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýäniň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyp ýaşlary, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, 2026-njy ýyl Türkmenistanda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenista...
Türkiýäniň öňdebaryjy neşiri öz sanyny Türkmenistanyň üstünliklerine bagyşlady
Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň başlangyjy bilen Türkiýäniň öňdebaryjy halkara žurnallarynyň biri bolan «Business Türk» Türkmenistanda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýörite sanyny çap etdi. Bu neşirde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman A...
Türkiýede Türkmenistanyň Kino günleri geçirilýär
2026-njy ýylyň 16-18-nji fewraly aralygynda Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Kino günleri geçirilýär. Bu çäre Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde we berkitmekde möhüm medeni waka öwrüldi. Kino günleri Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan TÜRKSOÝ halkara guramasy bilen bilelikde guraldy. 16-njy fewralda TÜRKSOÝ-iň binasynda Türkmenistanyň Kino günleriniň çäklerinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsy...