img
EMBASSY OF TURKMENISTAN
REPUBLIC OF TÜRKİÝE - ANKARA
Year 2026 - "Independent, Permanently Neutral Turkmenistan
— Homeland of Purposeful Heavenly Horses"
img
RSS

LATEST NEWS

pic
11 Jun

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Denizli şäheriniň Söwda-senagat edaralary we haryt biržalary birleşiginiň binasynda türkmen-türk işewürlik forumy guraldy. Çärä türk kompaniýalarynyň 100-den gowrak ýolbaşçysy hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdylar. Forumyň esasy maksady Türkiýe Respublikasynyň işewürler toparlaryny Türkmenistanyň maýa goýum kuwwaty hem-de ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary bilen ta...

READ MORE
pic
11 Jun

Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi

2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy Denizli şäheriniň Pamukkale uniwersiteti bilen bilelikde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, şeýle hem 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» şygaryna bagyşlanan ylmy maslahaty gurady. Çärä Pamukkale uniwersitetiniň rektory, professor doktor Mahmut Güngör, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň, ylmy we döredijilik jemgyýetçiliginiň wekilleri, talyp ýaşlar hem-de...

READ MORE
pic
3 Jun

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörüşi gurnady

2026-njy ýylyň 3-nji iýunynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Bütindünýä welosiped güni hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy mynasybetli sport çäreleri geçirildi. Sport çärelere diplomatik wekilhanalaryň işgärleri, türkmen diasporasynyň wekilleri, Türkiýe Respublikasynyň habar beriş serişdeleri we talyp ýaşlar gatnaşdy. Çäre Ankaranyň golaýyndaky Eýmir kölüniň kenarynda ýerleşýän ýörite welosiped ýolunda geçirildi. Welosipedli ýörişiň başlanmazyny...

READ MORE
pic
29 May

Waşingtonda Türkmenistanyň we ABŞ-nyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 29-njy maýynda Waşington şäherindäki Ak tamda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubio duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we onuň dürli ugurlar boýunça ösdürilmeginiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler soňky döwürde ikitaraplaýyn syýasy-diplomatik dialogyň işjeňleşendigini kanagatlanma bilen belläp, ýokary we iň ýokary der...

READ MORE
pic
28 May

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy barada

2026-njy ýylyň 27-nji maýynda Waşington şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretarynyň orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we ony syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, bilim, medeni-ynsanperwer we özara gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlarda mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Tara...

READ MORE
pic
22 May

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy we SHOM jemgyýetçilik birleşigi bilen bilelikde halkara hyzmatdaşlykda zenanlaryň ornuna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi

2026-njy ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde dabaraly çäre geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy hem-de Ankaradaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarynyň ýanýoldaşlarynyň jemgyýetçilik birleşigi (SHOM) bilen bilelikde guralyp, «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny: halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we medeni dialogy pugtalandyrmak»...

READ MORE
pic
14 May

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşini maslahatlaşdy

2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýäniň Daşary ykdysady aragatnaşyklar geňeşiniň (DEİK) ýanyndaky «Türkiýe - Türkmenistan» işewürlik geňeşiniň türk böleginiň başlygy Sefa Gömdeniziň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ösüş mümkinçiliklerini, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ýokarlandyrmak...

READ MORE