AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI OLIMPIÝA ŞÄHERJIGI ÖWÜŞGIN ATÝAR
Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda gazanan ýokary depginli özgertmeleri bilen sebitde we dünýäde durnuklylygyň nusgasy bolmaga dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat döwletine öwürmek ugrunda ähli ähli pudaklara ägirt uly möçberlerde maýa goýumlar gönükdirilýär.
Türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaşyny alýan taryhyna we baý medeniýetine goýýan sarpasynyň subutnamasy hökmünde 2016-njy ýyl “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek” ýyly diýlip yglan edildi. Döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan raýatlarymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerip sport bilen meşgullanmaklary hem-de beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetler bolup ýaşamaklary üçin ýurdumyzyň dürli ýerlerinde sport desgalary we mekdepleri gurlup ulanylmaga berilýär. Ýurdumyzyň halkara sport abraýyny has-da beýgeltmek üçin uly işler alnyp barylýar. Merkezi Aziýanyň merjeni bolan paýtagtymyz Aşgabat şäherinde 2017-nji Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler. 2016-njy ýylyň 5-nji maýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 500 gün galmagy mynasybetli gadymy “Nusaý” galasyndan başlap, ýurdumyzyň ähli welaýatlaryny gurşap aljak 500 gün dowam etjek atly ýörüşe ak pata berildi. Bu atly ýörüş Aziada-2017-niň başlanjak gününde Olimpiýa şäherjiginde tamamlanar. Bu ägirt uly sport çäresini iň ýokary derejede gurnamak üçin Aşgabat şäherinde Olimpiýa şäherjigi gurulýar. Sebitiň iň uly toplumy bolan Olimpiýa şäherjigi 30-dan gowrak dürli desgany, şol sanda ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. Täze guruljak desgalaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 5 milliard dollaryna barabardyr . Bu şäherjigiň gurluşygy üç tapgyrda amala aşyrylar.
Sportuň oýun görnüşleriniň toplumy
Bu desga münberleriniň sygymy boýunça toplumyň iň iri desgalarynyň biri bolmak bilen, Olimpiýa stadionyndan soňra 2-nji orunda durýar. Ölçegleri70x40m bolan uniwersal arenany özünde jemlemek bilen, dürli sport ýaryşlarynyň geçiriljek ýeri bolar. Halkara kadalara laýyklykda, arena sportuň her görnüşi üçin ýöriteleşdirilen enjamlar bilen aýratynlykda üpjün edildi.
Başa-baş söweş sungaty sport toplumy
5000 tomaşaçylyk bu arenada başa-baş göreş sportunyň köp görnüşleri boýunça ýaryşlary geçirmek mümkin. Esasy zalyň ölçegi 52m x 30m bolup, ol bir wagtyň özünde üç sany tatami ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu arenada göreş, sambo, boks, taekwondo we agyr atletika ýaly sport ýaryşlaryny geçirip bolýar. Desganyň taslamasy düzülende şol sportlar boýunça bildirilýän Olimpiýa talaplary göz öňünde tutuldy.
Saglygy dikeldiş merkezi
Lukmançylyk we saglygy dikeldiş merkezi toplumda aýratyn duran iki gatly bina hökmünde meýilleşdirilen we ol beýleki sport desgalaryna iň ýakyn aralykda ýerleşýär. Merkeziň otaglarynyň sanawy işlenip düzülende sagaldyş-öňüni alyş desgalaryna bildirilýän degişli talaplardan ugur alnan. Lukmançylyk we saglygy dikeldiş merkeziniň otaglary iki blokda jemlenen, olaryň birinde gidroterapiýa bölümi, beýlekisinde fizioterapiýa bölümi ýerleşýär. Mundan başga-da, lukmançylyk we saglygy dikeldiş merkezinde ýöriteleşdirilen bölümleriň bir topary: bedenterbiýe-sport dispanseri, barlag otagly mini barlaghana, antidoping barlaghanasy, ylmy-barlag bölümi, şeyle hem psihologik taýdan yeňlediş bölümi göz öňünde tutulýar. Bu Merkeziň ýerine ýetirýän hyzmatlary ony ilatyň zerurlyklary üçin poliklinika hökmünde-de ulanmaga mümkinçilik berýär.
Türgenleşik zallary
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde türgenler üçin ýokary hilli okuw-türgenleşik şertlerini üpjün etmek maksady bilen türgenleşik zallary meýilleşdirilen. Taslama boýunça her birinde türgenleşik zal toplumy bar bolan iki sany aýratyn desga göz öňünde tutulan. Olaryň biri 15000 tomaşaçylyk üsti ýapyk arenanyň ýanaşygynda ýerleşýär. Bu toplumdaky türgenleşik zallary gandbol, woleýbol, basketbol we ş.m. sportlar üçin ýörite niýetlenýär. Beýleki türgenlşik zal toplumy 5000 tomaşaçylyk üsti ýapyk arenanyň golaýynda ýerleşýär. Ol, umuman, söweş sungaty ýaly sportuň başabaş görnüşleri üçin niýetlenilen türgenleşik zallaryndan ybarat. Milli göreş türkmen sportunda aýratyn orun eýeleýär. Göreşiň bu görnüşi gadymy türkmen opragynda köp asyrlar mundan ozal döräp, halk arasynda iň halanýan we däp bolup giden milli sporta öwrülendir.
Restoran
Biri-biriniň üstüne abanýan 3 sany käse görnüşli restoranyň binasy Olimpiýa şäherjiginiň iň gözel künjeginde, emeli kölüň kenarynda ýerleşýär. Binanyň üçeginde tomus wagtynda ulanyp bolýan iki sany terrasa bar bolup, olarda ýene-de 312 sany adamy ýerleşdirmek bolar. Bu ýerde gelýän adamlara dürli milletleriň tagamlary, şol sanda türkmen milli naz-nygmatlary hödürlener.
Işewürlik merkezi
10 ýyl Abadançylyk şaýolunyň günorta tarapynda meýilleşdirilen Işewürlik merkezi ýoluň üstünden geçýän köpri gat arkaly birleşýän iki sany blokdan emele gelýär. Bina sport toplumynyň beýleki desgalarynyň bezegine gabat gelýän häzirkizaman binagärlik usulynda ýerine ýetirildi. Işewürlik merkeziniň ýokarky gatlaryna Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti ýerleşer. Galan ýerler sport federasiýalaryna, assosiasiýalaryna we guramalaryna berler.
Köpugurly sport meýdançasy
Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde futbol we ýeňil atletika boýunça türgenleşik geçmäge niýetlenilen 2 sany açyk meýdança bar. Ol meýdançalaryň taslamasy sportuň futbol we ýeňil atletika görnüşleriniň ölçeglerine we talaplaryna laýyklykda düzülen. Meýdançalaryň jemi 1000 orunlyk münberler bar. Münberleriň aşaky gatynda türgenleriň we tomaşaçylaryň zerurlyklaryna laýyklykda dürli otaglar göz öňünde tutulan. Üsti üçek bilen ýapylan münberler türkmen halkynyň milli binagärlik däpleriniň ajaýyp nusgalary bilen bezelen.
VIP üçin sport binasy
Bu desgada 40х20m ölçeginde uniwersal sport zaly, 25х12,50m ölçeginde howuz, iki sany trenažýor zaly, şeýle hem, içinde saunalar, italýan we türk hammamlary, massaž we dynç alyş otaglary bar bolan suw-sagaldyş bölümleri bar. Bina häzirkizaman tehniki serişdeler we zerur sport enjamlary bilen üpjün edilen.
Jemgyýetçilik-medeni merkezi
Medeni-jemgyýetçilik merkezi ýaşaýyş jaýlaryň ýanynda ýerleşýär we ýerzemin gaty bilen jemi 3 gatdan ybarat. Ýaşaýyş jaýlarynda bolýan türgenler ol merkezlerden medeni we jemgyýetçilik çäreler üçin peýdalanyp bilerler. Bu jemgyýetçilik merkezde düýä ülňilerine gabat gelýän bufet, restoran, kinoteatr, kafe, muzeý, billiard, kitaphana, dellekhana, aýdym-saz otagy, bank, dükan, gury görnüşde kir arassalama ýeri we poçta ýaly ýerler hem ýerleşdirilen.
“Olimpiýa” ve “Sport” myhmanhanalary
Bu myhmanhanalar Olimpiýä şäherjigiň günorta böleginde ýerleşýär. Sekiz gatdan ybarat 450 orunlyk “Olimpiýa” muhmanhanasy ýokary wezipeli adamlar, hormatly myhmanlar hem-de wekiliýetler üçin guruldy. Binanyň içindäki bezegler türkmeniň milli äheňindedir.
Bu 800 orunlyk bolan “Sport” myhmanhanasynda metbugat işgärleri üçin merkez hem bar. Bu myhmanhana daşary ýurtly myhmanlaryň, wekiliýetleriň, sport federasiýalaryň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ýaşamagy üçin niýetlenýär.
Myhmanhanalarda kafeler, restoranlar, iş maksatly duşuşyklar üçin otaglar, 700 orunlyk maslahat zallary, resmi kabul edişlikler üçin zallar, sport we sagaldyş bölümleri, spa merkezleri hem bar.