AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ELMAR MAMEDÝAROW BILEN SÖHBETDEŞLIK

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri E.Mamedýarowyň «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy» žurnalynyň redaksiýasynyň birinji Hazar ykdysady forumy hakynda beren sowalyna jogaby

- Jenap Ministr, Siz Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazarýaka ýurtlarynyň Döwlet baştutanlarynyň Aktauda geçirilen sammitinde öňe süren birinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi baradaky başlangyjyna nähili baha berýärsiňiz?    

Ilki bilen pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň halkyna iň ýakymly arzuwlarymy beýan etmek isleýärin we Azerbaýjan tarapyndan siziň ýurduňyza biziň däp bolan dostlyk we doganlyk duýgularymyzyň gyşarnyksyzdygyna ynandyrasym gelýär. Umumy köklerimiz bizi taryhy taýdan birleşdirýär, geografiki taýdan bolsa biz Hazar bilen bagly bolup durýarys, bu bolsa hemişe biziň halklarymyzyň ykbalynda möhüm orun eýeledi. Hut şonuň üçin-de Azerbaýjanda hem edil Türkmenistanda bolşy ýaly, Hazar deňziniň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn açylmagyna we kenarýaka döwletleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmgine uly ähmiýet berilýär.  

Şunuň bilen baglylykda biz öz tarapymyzdan Türkmenistanyň Prezidentiniň Hazar ykdysady forumynyň çagyrylmagy baradaky başlangyjy makulladyk, çünki ol Hazaryň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk mesgenine öwrülmegine çagyrýan biziň tarapymyzdan kabul edilen Konwensiýanyň düzgünleriniň mazmunyny baýlaşdyrmagyna gönükdirilen Hazar «bäşliginiň» ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has hem işjeňleşdirmegiň täze formaty bolar. 

-  Siz Hazarýaka sebitiniň geljekki ykdysady ösüşinde Azerbaýjan Respublikasynyň ornuna we mümkinçiliklerine nähili garaýarsyňyz?

Mälim bolşy ýaly, senagat eýýamynyň iň başyndan bäri Baku gury ýerde bolşy ýaly, deňizde hem nebitgaz baýlyklarynyň özleşdirilmeginiň öňbaşçysy we esasy merkezi bolup durýar. XIX asyrda-da, sowet döwründe hem we biziň döwlet garaşsyzlygymyzyň bina edilmeginden soňra hem şeýle boldy. Biz sebitimiziň baý ykdysady mümkinçilikleriniň açylmagyndaky işjeň gatnaşygymyzy mundan beýläk hem dowam etdirmegi maksat ediýäris. Elbetde, Azerbaýjan Respublikasy goňşy ýurtlar bilen ysnyşykly özarahyzmatdaşlygyny biziň bilelikdäki tagallalarymyza ähmiýet täsir etjek şert hökmünde garaýandyr. Biz ikitaraplaýyn we üçtaraplaýyn esasdaky, edil şonuň ýaly-da hazarýaka döwletlerini birleşdirýän özarabähbitli hyzmatdaşlygyň dürli formatlaryna hemmetaraplaýyn açykdyrys. Biziň durmuşa geçirýän taslamalarymyzyň ýurtlarymyzyň gyzyklanmalaryna laýyk gelmegi we biziň döwletlerimiziň arasynda bar bolan dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň has hem çuňlaşdyrylmagyna itergi bermegi aýratyn wajyp bolup durýandyr.    

Azerbaýjan mundan beýläk hem bilelikdäki gülläp ösüşi gazanmagyň hatyrasyna sebitleýin hyzmatdaşlygyň has hem giňeldilmegi we çuňlaşdyrylmagy arkaly öz ykdysadyýetiniň ösüşiniň strategiki ugruny dowam etdirer.

-  Jenap Ministr, mümkin bolsa Azerbaýjanyň wekiliýetiniň 2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçiriljek Hazarýaka döwletleriniň nobatdaky ykdysady forumyna gatnaşmak boýunça taýýarlygy barada hem-de Siziň öňde duran duşuşuklardan we bu forumda gazanyljak çögütlerden garaşýan netijeleriňiz hakynda durup geçseňiz.

Meniň öň hem belläp geçişim ýaly, Azerbaýjan hazarýaka döwletleriniň ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrylmagyna we baý mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn açylyp görkezilmegine hyzmat edýän taslamalaryň durmuşa geçirilmegine aýratyn gyzyklanma bildirýär. Şonuň üçin hem öňde duran Türkmenbaşyda geçiriljek ykdysady foruma biz düýpli taýýarlyk gördük diýsem ýalňyş bolmaz. Hazarýaka ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň şu formatynyň döredilmeginden biziň garaşýan esasy netijämiz sebitde durmuşa geçirilýän möhüm başlangyçlaryň çäklerinde özarahereketleriň takyklaşdyrylmagyndan ybarat bolup durýandyr. Energetika, logistika we beýleki taslamalaryň işjeňleşdirilmegi biziň ýurtlarymyzyň aýratynlykdaky we umumy Hazar giňişligindäki gyzyklanmalaryna hemmetaraplaýyn gulluk eder diýip çaklaýarys.     

Ýene-de bir öz türkmen kärdeşlerimizi we hyzmatdaşlarymyzy şeýle möhüm başlangyç bilen gutlamak isleýärin, çünki biz onuň Türkmenistanyň, edil şonuň ýaly-da Azerbaýjanyň we beýleki hazarýaka döwletleriniň ösüşiniň hatyrasyna özüniň oňyn netijelerini getirjekdigine ynam bildirýäris.