AŞGABATDA HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 29-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasy geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik missiýalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, gazet-žurnallaryň baş redaktorlary we milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtly žurnalistler gatnaşdylar.

Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly dabara Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň düzüm birlikleriniň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy Guramasynyň we beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräni açmak bilen, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň w.w.ý.ý., ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekili Kristina Weýgand Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy bilen durnukly ösüşiň girewi bolup çykyş edýän halklaryň arasynda parahatçylygyň, durnuklylygyň we özara düşünişmegiň saklanylmagy ugrunda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi.

Soňra Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde 2021-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegi hakyndaky Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi halkara gatnaşyklarynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagyna çagyrýan hemişelik bitarap Türkmenistanyň tagallalarynyň özboluşly beýany boldy. R.Meredow: «Bu başlangyjy öňe sürmek bilen, Türkmen döwletiniň Baştutany halkara jemgyýetçiligini kabul edilen resminamany amaly mazmun bilen pberkitmek, iş ýüzündäki takyk amallar bilen onuň üstüni ýetirmäge çagyrmak bilen, onuň anyk häsiýete eýe bolup durýandygyny belledi» diýip, nygtady. Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklaryň ilerledilmeginde özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan diplomatiýanyň, syýasy gepleşikleriň gurallarynyň netijeli ulanylmagynyň derwaýyslygyny nygtady we munuň üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary bilen işjeň özara hereketleri saklaýandygyny belledi.

Dabaranyň barşynda çykyş eden BMG-niň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baştutany Natalýa German tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylygynyň we gülläp ösüşiniň hatyrasyna jebisligiň has hem ýygjamlaşdyrylmagyny maksat edinýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wajyplygyny aýratyn belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy Wolkan Bozkyr öz çykyşynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň derwaýyslygyny belläp geçdi. Türkmenistanyň Hökümetine Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly başlangyjyny teklip edendigi üçin minnetdarlygyny bildirip, ol global derejedäki ýagdaýlar nukdaýnazaryndan parahatçylyga we özara ynanyşmaga bolan zerurlygyň aýratyn gaýragoýulmasyzdygyny nygtady. Jenap Bozkyr parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş ýolunda halkara bileleşigini syýasy gepleşikler we raýdaşlyk arkaly hyzmatdaşlyk etmäge çagyrdy.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa diplomatyň sözleriniň üstüni ýetirdi we Durnukly ösüş maksatlarynyň ynamly ilerledilmegine itergi berýän Türkmenistanyň Prtezidentiniň parahatçylyk söýüjilik başlangyçlarynyň netijeliligini aýratyn belledi.

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow parahatçylyk medeniýetiniň wagyz edilmegi boýunça tagallaryň hem-de hereketleriň işjeňleşdirilmegine çagyrýan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçirilmeginiň derwaýyslygyna aýratyn üns berdi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Başlygy Natalýa Drozd hem öz çykyşynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň derwaýyslygyny aýratyn belledi.

Çärede şeýle-de Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur hem çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň derejesine ýokary baha berdi hem-de ykdysady ösüşiň sebit we dünýä çygryndaky howpsuzlyk bilen gönüden-göni baglydygyny, munuň üçin bolsa ýurtlaryň hem-de halklaryň arasyndaky ynanyşmak derejesiniň güýçlendirilmeginiň zerurlygyny nygtady.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy – Ýerine ýetiriji sekretary Sergeý Lebedew hem ýurtlaryň we halklaryň arasynda parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagynyň wajyplygyny belledi. Ol dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde diňe bir sebitde däl-de, eýsem dünýä derejesinde hem Türkmenistanyň mynasyp ornuny belledi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory – Ýaragsyzlanmak boýunça Konferensiýanyň Baş sekretary Tatýana Walowaýa, şeýle-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada Şertnamasy Guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Lassina Zerbo Türkmenistanyň ýurtlaryň arasynda parahatçylyk söýüjilikli we açyk gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrundaky işlerine ýokary baha berdiler.

Öz nobatynda ÝUNESKO-nyň Baş konferensiýasynyň Başlygy Altaý Jengizer we ÝUNESKO-nyň Baş direktorynyň Afrika ýurtlary boýunça orunbasary Firmin Eduard Matoko Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öz wagtyndalygyny aýratyn bellediler. Olar parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleriniň halkara hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz birligi bolup durýandygyny nygtadylar.

Mundan başga-da, ÝUNODK-yň, Owganystanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Nepalyň, Indoneziýanyň we Bangladeşiň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilleri häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň oňyn çözülmegi üçin jebislik nukdaýnazaryndan hem-de sebit we dünýä derejelerinde raýdaşlygyň we özara goldawyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň mazmunynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň geçirilmeginiň aýratyn wajyplygyny belläp geçdiler.

Dabaranyň çäklerinde oňa gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde bilelikdäki çäreleri geçirmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parahatçylyk, durnuklylyk we durnukly ösüş ugrunda sebit hem-de halkara guramalarynyň platformalaryndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi bilen bir hatarda ýurtlaryň arasyndaky özara gatnaşyklaryň ösdürilmegi dogrusynda pikirler we teklipler alyşyldy. Şunuň bilen dabaranyň jemleri boýunça Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmegiň Ýol kartasy kabul edildi.