Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Adalat we Galkynyş partiýasynyň başlygynyň orunbasary bilen duşuşdy

photo

2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň Adalat we Galkynyş Partiýasynyň (AK Parti) Başlygynyň orunbasary Kürşat Zorluň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň çäklerinde taraplar syýasy, ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Taraplar özara hormat goýmak, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň yzygiderli ösýändigini bellediler.

Mundan başga-da, duşuşykda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna we 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan ýokary derejeli halkara forumyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu ýokary derejeli halkara forumyna Türkiýe Respublikasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagy meselesi boýunça hem pikir alyşdylar.