Telephone conversation between the Presidents of Turkmenistan and Tajikistan

2023-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglary we hoşniýetli arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, öz nobatynda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan täjik kärdeşini hem-de onuň üsti bilen Täjigistanyň doganlyk halkyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.

Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň işjeň häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede, ilkinji nobatda, abraýly halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli berkidilýär.

 Döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Köp babatda muňa Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň işi ýardam edýär.

Medeni, ylym we bilim ulgamlarynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem halkara we sebit syýasatynyň özara gyzyklanma bildirilýän wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyna ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge goşýan uly şahsy goşandy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Täjigistanyň Prezidenti öz dogany, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.