Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdan daşary sammitine gatnaşdy

2023-nji ýylyň 16-njy martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň çakylygy boýunça Türki Döwletleriň Guramasynyň (TDG) döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisine gatnaşmak üçin Türkiýä iş saparyny amala aşyrdy.

Sammitiň gün tertibine adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik kömegini bermek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak we olaryň netijelerini aradan aýyrmakda tagallalary utgaşdyrmak, täze wehimlere garşy durmagyň çärelerini işläp taýýarlamak ulgamlarynda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge degişli meseleler, şeýle-de sebit we halkara meseleleriň möhüm ugurlary girizildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisde çykyş edip, hut öz adyndan we türkmen halkynyň adyndan Prezident Rejep Taýyp Ärdogana sammite gatnaşmaga çakylygy hem-de uly hormaty üçin minnetdarlyk bildirdi we şu mejlise diňe bir synçy ýurduň wekili däl-de, şol bir wagtda, Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň agzasy hökmünde gatnaşýandygyny belledi.

Sammitiň mowzugynyň «Tebigy betbagtçylyklar: adatdan daşary ýagdaýlary dolandyrmak we ynsanperwerlik ýardamy» möhüm ähmiýete eýedigini bellemek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow birek-birege her tarapdan dost-doganlyk goldawynyň berilmelidigini nygtady. Şu nukdaýnazardan Türkmenistan bilen Türkiýäniň köp ýyllaryň dowamynda netijeli hyzmatdaşlygyň ähmiýeti, syýasatda, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ýetilen uly sepgitleri möhümdir.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjylara ýüzlenip, Türki Döwletleriň Guramasyna gatnaşýan ýurtlaryň seýsmiki zolaklarda ýerleşýändigini, şunuň bilen baglylykda, seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek boýunça hereketleri utgaşdyrmak örän möhüm bolup durýandygyny nygtady. Şu maksat bilen, TDG-niň çäklerinde seýsmologiýanyň, häzirki zaman geodinamikanyň we geofizikanyň binýatlyk meseleleri babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmak teklip edildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem medeni-ynsanperwer gatnaşyklar barada aýdyp, indiki ýyl akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň uly toýunyň - 300 ýyllygynyň belleniljekdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde 2024-nji ýylyň “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly” hem-de Türkmenistanyň gadymy Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip ykrar edilendigini nygtady. Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sammite gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylaryna bu ugurda beren goldawlary üçin minnetdarlyk bildirdi.