Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygy boldy.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzyň gyzyklanma bildirýän döwletler bilen ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde netijeli gatnaşyklary ýola goýýandygyny belläp, Arkadag Türkmenistan tarapyndan parahatçylygyň, durnukly ösüşiň, howpsuzlygyň bähbidine gönükdirilen başlangyçlaryň giň goldawa eýe bolýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň köpugurly esasda, hususan-da, “Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy.

Soňky ýyllarda syýasy-diplomatik ugurda parlament diplomatiýasynyň orny barha artýandygyny aýtmak bilen, ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolan diplomatiýanyň tapawutly aýratynlygy häzirki wagtda türkmen-koreý parlament wekiliýetleriniň özara saparlarynyň yzygiderli häsiýete eýe bolmagydyr diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy täze Arkadag şäheriniň gurlandygy barada aýdyp, onuň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda amala aşyryljak önümçilik we beýleki maksatly binalaryň taslamalaryny durmuşa geçirmäge koreýaly işewürleriň gatnaşmak mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Arkadagymyz iki ýurduň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini belledi. Köp ýyllaryň dowamynda iri koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň gaz pudagynda, himiýa senagatynda, ulag pudagynda netijeli iş alyp barýandyklaryna üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygyň döwletara gatnaşyklary berkitmekde, halklary ýakynlaşdyrmakda, medeniýetleri özara baýlaşdyrmakda wajyp ähmiýetiniň bardygy bellendi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmen tarapy bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, özara Medeniýet günlerini geçirmäge, sport, syýahatçylyk we saglygy goraýyş ulgamlarynda gatnaşyklary işjeňleşdirmäge zerur goldawlaryň berilmeginiň möhümdigini aýtdy.

Öz gezeginde, Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon ruhy-medeni mirasyň, ahlak gymmatlyklarynyň umumylygynyň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin ygtybarly esas bolup durýandygyny nygtady. Türkmenistan we Koreýa Respublikasy diňe bir söwda-ykdysady gatnaşyklary däl, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy hem yzygiderli ösdürýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda bu ýurtda türkmen halkynyň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň hem toplumyny öz içine alan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ähmiýetini bellenildi.

Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy iki dostlukly halkyň ruhy we medeni umumylygyna esaslanýan türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.