Türkmen-koreý parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gon bilen gepleşikleri geçirildi. Duşuşygyň dowamynda parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, şeýle hem halkara we sebitara guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň soňky ýyllarda ösüşiň ýokary derejesine çykandygyny belläp, taraplar iki ýurduň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýýan gatnaşyklaryna täze itergi bermäge bolan gyzyklanmalaryny tassykladylar.

Duşuşygyň dowamynda Mejlisiň Başlygynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda dünýäniň kanun çykaryjylyk tejribesiniň esasy ugurlaryny özünde jemleýän ygtybarly kanunçylyk binýady döredildi. Işlenip taýýarlanylýan we kabul edilýän kanunlar hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalary täzeçil usullary esasy ugur edinýän özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine, hormatly Prezidentimiziň syýasy, ykdysady, durmuş ösüşi boýunça öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli amala aşyrylmagyna gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda iki döwletiň halklarynyň bähbidine parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňden ulanmak, parlamentara gatnaşyklary ösdürmek we degişli ugurda tejribe alyşmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynda döredilen parlamentara dostluk toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.