Aşgabatda ulag boýunça halkara maslahatynyň netijeleri boýunça KHBS üçin habar

img
img
img
img

Şu gün, 2023-nji ýylyň 4-nji maýynda, Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş-2023" atly halkara maslahaty we sergisi öz işini tamamlady.

Aşgabatda geçirilen bu foruma 45 ýurtdan 800-den gowrak wekil gatnaşdy we olaryň arasynda Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, daşary ýurt wekiliýetleriniň ýolbaşçylary, halkara guramalarynyň ýolbaşçylary (BMG, ESCAP, ÝHHG, USAID, IRU, TRACECA), milli we halkara ulag we logistika kompaniýalaryň, senagat zolaklaryň, iri halkara maliýe guramalaryň (Alibaba, MAERSK, Lufthansa, MaxFlight, Airbus, Boeing, Flydubai, General Electric, Toyota, SpaceX, RŽD, KTZ Express we başgalar), ulag ugrundaky abraýly bilermenler bar.

Özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmek we ýola goýmak maksady bilen, maslahatyň çäginde 100-e golaý ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, 26 sany ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn resminamalara gol çekildi.

Mejlisleriň dowamynda dünýä ulag we logistika pudagynyň sezewar bolýan täze çagyryşlary, şeýle hem özara gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň multimodal üstaşyr merkezi, ulag we logistika hyzmatlary bazarynyň ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy şertlerinde üýtgemegi, Merkezi Aziýanyň dünýä bazary zynjyrlary bilen gatnaşygy, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag, aragatnaşyk we logistika infrastrukturasyny ösdürmekde ylym we bilim meselelerine seredildi.

Forumyň çäginde “Ulag durnukly ykdysadyýetiň, parahatçylygyň we durnuklylygyň faktory hökmünde - ýaşlaryň garaýşy” atly panel söhbeti, "CASCA +" we «Häzirki zaman logistika ulgamyny döretmek hem-de Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda daşamalary ýönekeýleşdirmek» temasy boýunça tegelek stollar, şeýle hem awtomobil ulaglary boýunça Bilelikdäki türkmen-rumyn toparynyň ikinji mejlisi geçirildi.

Forum we onuň çäginde geçirilen işewürlik duşuşyklarynda halkara ulag pudagynda täze maýa goýum mümkinçilikleri barada habardarlygy ýokarlandyrmaga we uzak möhletleýin özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň geljegi uly bolan taraplaryny kesgitlemäge gönükdirilendir.

Şeýle hem, maslahatyň çäginde gatnaşyjylar Aşgabat halkara howa menziline we Türkmenbaşy halkara deňiz portuna baryp gördüler.

Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Aşgabatda "Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş” atly ilkinji forum geçirildi. Şol ýylda Türkmenistanda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty geçirildi. Türkmenistan e-CMR Teswirnamasyna goşuldy. Şeýle hem, ýurdumyzyň welaýatlarynda täze awtoulag terminallary we demir ýol köprüleri işe girizildi. Ulag pudagynyň tehniki parklaryny doldurmak üçin anyk ädimler ädildi, Ýewropa we Aziýa ugurlary boýunça ýük we ýolagçy milli howa gatnawlarynyň gerimi giňeldi.

Türkmenistanyň ulag boýunça 12 sany halkara konwensiýalara gatbaşýandygyny bellemek gerek.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag boýunça 4 sany kararnama kabul edildi:

- «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny» (2014-nji ýylyň 19-njy dekabry);

- «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda» (2015-nji ýylyň 22-nji dekabry);

- «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» (2017-nji ýylyň 20-nji dekabry);

- «Koronawirus keseliniň (СOVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşiniň arabaglanyşygyny berkitmek» (2021-nji ýylyň 29-njy iýuly).

Türkmenistanyň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda, ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-tehniki binýadyny hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman ýöriteleşdirilen infrastrukturany döretmek we geljekde strategiki ugurlary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara ulag we üstaşyr geçelgeleriniň sebit merkezi hökmünde ornuny berkitmek göz öňünde tutulýar.