Türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2023-nji ýylyň 4-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýewiň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuzin bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda diplomatlar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk barada aýtmak bilen, taraplar hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegine itergi berýän iň ýokary we ýokary derejedäki gatnaşyklaryň yzygiderli we ulgamlaýyn häsiýetini bellediler.

Netijeli türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry hökmünde parlamentara hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.

"Merkezi Aziýa - Russiýa" formatyndaky özara gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň aýratyn ugry hökmünde kesgitlenýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüşini nygtamak bilen, taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Rus hökümetara toparynyň netijeli işini hem tassykladylar.

Şol günüň özünde Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Galuziniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň saparynyň çäklerinde sebit howpsuzlygy meseleleri boýunça ýokary derejeli türkmen-rus maslahatlaşmalary geçirildi. Maslahatlaşmalarda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. 

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda bilelikdäki hereketleriň möhüm bölekleriniň biri bolup durýan howpsuzlyk ulgamynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.  Şu nukdaýnazardan, halkara maglumat we sebit howpsuzlygyny üpjün etmek babatynda netijeli hyzmatdaşlygyň alnyp barýandygy bellendi.

Şeýle hem sebitdäki ýagdaý barada oňyn pikir alyşmalar geçirildi.