Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdy

2023-nji ýylyň 8-nji maýynda Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň Prezidiumynyň mejlisler otagynda “Täjigistan Respublikasynyň we Türkmenistanyň ylmy edaralarynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek: meseleler we geljekki mümkinçilikler ”atly mowzuk boýunça tegelek stol geçirildi.

Forumyň işine Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti bu çärä gatnaşmak üçin sapar bilen Duşanbe geldi.

Tegelek stol başlanmazdan ozal oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Täjigistanyň Milli ylymlar akademiýasynyň kitaplarynyň we neşirleriniň sergisi bilen tanyşdylar. Türkmenistanyň stendlerinde aýratyn orny Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri eýeledi.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti A.Aşyrow we Täjigistanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Prezidenti F.Rahimi gatnaşyjylara gutlag sözleri bilen ýüzlendiler.

Çykyşlaryň dowamynda iki ýurduň ylmy edaralarynyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlary we geljegi bilen bagly meselelere seredildi, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygynyň ýagdaýy we ösüşi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň alymlary okuw prosesini sanlylaşdyrmak üçin innowasion bilim tehnologiýalaryny, häzirki zaman bilim tehnologiýalaryny döretmegiň we ornaşdyrmagyň ähmiýetini, şeýle hem gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriň pudaklarynyň innowasion ösüşini, derman ösümlikleriniň biodürlüligini öwrenmek we olary adaty lukmançylykda ulanmak ýaly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Deputatlyk etikasy boýunça toparynyň başlygy Faýzullo Barotzodanyň “Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik baradaky pikiri” mowzugy boýunça çykyşy medeniýet we sungat pudagyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde Merkezi Aziýanyň halklarynyň siwilizasiýa jemgyýetiniň nukdaýnazaryndan, gadymy döwürlerden şu güne çenli türkmen we täjik halklarynyň arasyndaky taryhy we medeni gatnaşyklar temasynyň dowamy boldy.

Çäräniň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda ylmy-bilim we medeni hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek barada kararnama kabul etdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Täjigistan Respublikasyna amala aşyrjak ilkinji döwlet saparynyň öňüsyrasynda geçirilen bu çäre iki ýurduň ylmy jemgyýetleriniň arasynda özara peýdaly we täsirli hyzmatdaşlygyň ösmegine we mundan beýläk-de çuňlaşmagyna täze itergi berer.