Taýlandyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 10-njy maýynda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Taýland Patyşalygynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Apirat Sugondhabhirom bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda Taýlandyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ministriň orunbasary Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de özara bähbitlere we ileri tutulýan ugurlara esaslanyp iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek işinde üstünlik arzuw etdi.

Taraplar Türkmenistanyň we Taýlandyň syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky köpugurly gatnaşyklary ösdürmek üçin oňyn esaslarynyň bardygyny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň dürli ugurlarynda özara hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy.

Türkmen diplomaty ýokary derejedäki gatnaşyklaryň möhümdigini aýtdy we bu meselede döwlet baştutanlarynyň saparlaryny guramak mümkinçiligi boýunça pikir alşyldy.

Hyzmatdaşlygyň ýene bir ileri tutulýan ugry parlamentara gatnaşyklary giňeltmek bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, parlamentara dostluk toparyny döretmek mümkinçiligine seretmek teklip edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin nobatdaky geňeşmeleri geçirmegi teklip etdi.

Taraplar şeýle hem Türkmenistanyň Taýland Patyşalygyndaky ilçisini bellemek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Taýlandyň arasynda halkara guramalarynyň çäklerinde hem oňyn hyzmatdaşlygyň bardygyny nygtady. BMG-niň dürli edaralarynda we beýleki abraýly halkara guramalarda geçirilen saýlawlarda ýurtlar birek-biregi goldaýarlar. M.Başimowa Türkmenistanyň halkara meýdançalarynda öňe sürýän kararnamalaryny we halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin Taýland tarapyna minnetdarlyk bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Bitaraplyk dostlary toparyna goşulmak teklip edildi.

Köptaraplaýyn görnüşde özara gatnaşyklary alyp barmaklygyň çäklerinde diplomatlar "Merkezi Aziýa-ASEAN" formatyny döretmek pikirine-de üns berdiler.

Duşuşygyň barşynda diplomatlar söwda-ykdysady ulgamda hem Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi barada pikir alyşdylar. Bu ýerde energetika, gaz-himiýa we oba hojalygy pudaklary ileri tutulýan ugurlar hökmünde kesgitlenildi.

Ylym, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şeýle hem syýahatçylyk we sport pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellendi. Hususan-da, türkmen tarapy iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmaklygy teklip etdi.

Taýlandyň ilçisiniň iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisinde ynanç hatlarynyň gowşurylmagy, şeýle hem ýurdumyzyň ministrliklerinde we pudak edaralarynda birnäçe duşuşyklary geçirmek meýilleşdirilýär.

Türkmenistan bilen Taýland Patyşalygynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 6-njy iýulynda ýola goýuldy.