Türkmenistanda Tailand Patyşalygynyň Ilçisi işe başlady
2023-nji ýylyň 10-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Tailand Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Apirat Sugondhabhiromdan ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan myhmany jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki ýurduň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Tailandyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekiliniň belleýşi ýaly, Tailand Patyşalygynda türkmen döwletiniň Baştutanynyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli syýasatyna, durnukly ösüşiň esaslarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna, häzirki döwrüň ählumumy meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen möhüm halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýärler we doly goldaýarlar.
Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary, halkymyzyň abadançylygyna, netijeli halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen giň gerimli durmuş-ykdysady maksatnamalaryň, taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdyryldy.
Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde ösdürilýän türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň geljegi bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň we kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmagyň meseleleri duşuşygyň aýratyn mowzugy boldy.