Türkmenistanyň DIM-nde ÝHHG-niň PA-nyň prezidenti bilen duşuşyk
2023-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň prezidenti Margareta Sederfeltiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen ÝHHG-nyň arasynda syýasy ulgamy, parlament diplomatiýasyny we ýaşlar parlamentarizmini ösdürmegiň, energetika we ekologiýa howpsuzlygy pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ynsanperwer meseleleri boýunça hem geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
W.Hajiýew Türkmenistanyň ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy babatynda belläp, Türkmenistan Mejlisiniň 2014-nji ýylda PA-nyň doly hukukly agzasy bolandygyny we bu döwürde taraplaryň birnäçe ugurlar boýunça netijeli özara hereket edýändigini nygtady.
ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkezi bilen bilelikdäki maksatnamalary we taslamalary Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirmegiň ähmiýetine aýratyn üns berilýär.
Taraplar parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň netijeli garaýyşlaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň dowamynda, bu ugurda hyzmatdaşlygy has-da güýçlendirmek, şol sanda parlamentara gepleşikleri ösdürmek we halkara bilermenler bilen pikir alyşmak üçin tematiki seminarlary we maslahatlary bilelikde geçirmegiň oňyn tejribesini dowam etdirmegiň zerurlygy barada umumy pikir beýan edildi.
ÝHHG-nyň PA-nyň prezidenti parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde parlamentara gepleşikleriň möhümdigini belledi we bu meselede Aşgabatda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “ÝHHG çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly mowzuk bilen geçiriljek maslahatyň ähmiýetine ünsi çekdi.