Türkmenistanyň Prezidenti ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfeldi kabul etdi.

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň sebit we dünýä derejesinde parahatçylygyň, abadançylygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen döredijilikli, öňdengörüjilikli daşary syýasaty amala aşyrýan Bitarap Türkmenistan bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysyny mübärekläp, onuň Aşgabada saparynyň dowamynda “ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny” atly halkara maslahata gatnaşyp biljekdigini, bu çäräniň häzirki döwürde ýüze çykýan wehimleri ýeňip geçmekde bitaraplygyň eýeleýän ornuna bagyşlanýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz çäklerinde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we onuň geljekki ugurlaryny kesgitlemek maksady bilen, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň geçirilmegi meýilleşdirilýän bu saparyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalaryna laýyklykda, iki gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolmak bilen, oňyn daşary syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Bu syýasatda köptaraplaýyn gurallary peýdalanmak arkaly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Parlament Assambleýasynyň sessiýalaryna, şeýle hem onuň howandarlygynda geçirilýän dürli okuw maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Ýurdumyz ÝHHG-niň işine parlamentarileriň ýakyndan çekilmegini we hyzmatdaşlygyň görnüşleriniň giňeldilmegini goldap, guramanyň ählumumy howpsuzlygy berkitmek boýunça maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine öz goşandyny goşmaga taýýardyr.

Şunuň bilen baglylykda, duşuşygyň dowamynda ykdysady ösüşi, energiýa serişdeleriniň halkara ugurlar boýunça durnukly iberilmegini üpjün etmek, ekologik abadançylyk we daşky gurşawy goramak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak ýaly ugurlarda tagallalary utgaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Şunuň bilen bir hatarda, adam hukuklaryny goramak ulgamynda tejribe alyşmagy hem-de demokratik institutlary pugtalandyrmak, hukugyň hökmürowanlygyny gazanmak boýunça hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň zerurdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz we ÝHHG-nyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt Türkmenistanyň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň köpýyllyk hyzmatdaşlygy giňeltmäge, netijeli parlamentara gatnaşyklary täze many-mazmun bilen baýlaşdyryp, mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar.