Serbiýanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowanyň Serbiýa Respublikasynyň täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Momçilo Babiç bilen duşuşygy geçirildi.

Ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurylyşyň çäklerinde türkmen tarapy Ilçiniň täze wezipesinde alyp barýan işlerine mümkin bolan ähli ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Syýasy-diplomatik ugurda taraplar syýasy dialogy ýokary derejede saklamagyň möhümdigini bellediler hem-de DIMara geňeşmeleriň mehanizminiň ähmiýeti nygtaldy. Ikitaraplaýyn hukuk binýadyny giňeltmegiň zerurlygy hem bellenildi.

Söwda, dokma senagaty, polimerleri, dökünleri we oba hojalyk önümlerini eksport etmek ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary hökmünde bellendi.

Medeni-ynsanperwer ugurda, hususan-da bilim pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikler bellenildi. Ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy  ösdürmäge aýratyn üns berildi.