RF-nyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy

img
img
img
img

Şu gün, 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkini kabul etdi.

Duşuşygyň başynda RF-nyň Ilçisi öz ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. W.Hajiýew Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenmegi bilen gutlap, täze wezipesinde alyp barjak işlerinde ýardamlary we goldawy bermäge taýýardygyny nygtady.

Diplomatlar özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça yzygiderli ösýän türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklarynyň ähmiýetini nygtap, olaryň dowamynda döwletara hyzmatdaşlygyň iň möhüm meseleleri barada pikir alşylýandygyny bellediler.

Bu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Russiýa amala aşyran ilkinji resmi saparynyň ähmiýeti barada we onuň dowamynda strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak baradaky Jarnamany öz içine alýan köp sanly resminamalara gol çekilendigi barada nygtaldy.

Parlamentara gatnaşyklaryň ösüşi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi.

Türkmenistan bilen Russiýanyň halkara meýdançasynda, ilkinji nobatda BMG, GDA, şeýle hem "Merkezi Aziýa - Russiýa" formatynyň çäklerinde öndürijilikli gatnaşygy babatynda hem aýratyn nygtaldy.

Diplomatlar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösýändigini bellediler. Bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň çäginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus hökümetara toparyna möhüm orun berilýär.

Russiýanyň sebitleri - Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg, Astrahan we Çelýabinsk oblastlary we Russiýa Federasiýasynyň beýleki subýektleri bilen hyzmatdaşlyk işjeň gatnaşyklaryň aýratyn ugry bolup durýandyr.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň iň möhüm ugry medeni-ynsanperwer gatnaşyklary bolup durýar. Bu ugurda, taraplar bilim, ylym we medeniýet pudagynda hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini beýan etdiler.