Türkmenistanda Kipr Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady

2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kipr Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kipros Ýorgallisden ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Baştutanynyň adyndan ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, iri halkara guramalaryň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklaryň hem-de netijeli döwletara dialogyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda deňhukuklylyk we özara bähbitlilik esasynda ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Ilçi Kipros Ýorgallis Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy bu syýasatyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Diplomat şeýle hem Mejlisiň düzümi we dürli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeleriň kanunçylyk binýadyny üpjün etmek, kanun çykaryjylyk ulgamynda tejribe alyşmak boýunça alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklary, şol sanda halkara parlament düzümleriniň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşylan aýratyn mesele boldy.

Kipr Respublikasynyň ilçisi gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagy ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.