Türkmenistan-Gruziýa: parlamentara gatnaşyklar pugtalandyrylýar
2023-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisinde “Türkmenistan-Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy Dawid Matikaşwiliniň ýolbaşçylygyndaky Gruziýanyň parlament wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa parlamentarileriň döwlet durmuşynda barha artýan ornuny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli gepleşikleri ösdürmegiň, halkara hyzmatdaşlygy, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar.
“Türkmenistan-Gruziýa” parlamentara dostluk toparynyň başlygy gruzin-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi hem-de parlamentara hyzmatdaşlygyň onuň möhüm ugry bolup durýandygyny aýtdy.
Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, dostlukly ýurtlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge, hususan-da, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler.
Mundan başga, iki ýurduň iri halkara düzümleriň ugry boýunça, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri barada aýdyldy.
Duşuşykda tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de bar bolan parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini doly herekete getirmek meselelerine garaldy.
Taraplar soňky ýyllarda iki ýurduň gatnaşyklarynyň barha artýan ösüş depginleriniň köpugurly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga özara gyzyklanma bilen şertlendirilýändigi nygtaldy. Bilelikdäki dürli çäreler, duşuşyklar hem-de geňeşmeler muňa kuwwatly itergi berýär.