Şertnamalaýyn-hukuk binýady tükellemek meseleleri boýunça türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
2023-njy ýylyň 31-nji maýynda Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.
Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalaryň we beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýynda geçdi. Şeýle hem diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk ulgamyny giňeltmek mümkinçiligi bolan ugurlary kesgitlediler.